Öňden habar berşimiz ýaly, 6-njy
dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda Türkiýe
Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy. Serginiň açylyş
dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur
many-mazmunly Gutlagy okaldy.
Türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan uzak geljegi
nazarlaýan oňyn özgertmelere bolan gyzyklanmasy, bilelikdäki taslamalaryň
durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga bolan islegi hem-de türkmen bazarynyň
artykmaçlyklary Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşýan kompaniýalaryň
hatarynyň barha uzamagynyň kepilidir.
Türkmenistanly we türkiýeli işewürleriň oňyn tejribeleri, Türkmenistanyň milli
ykdysadyýetiniň gazananlary, Türkiýäniň işewür toparlarynyň türkmenistanly
kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny ynam bilen aýtmaga mümkinçilik döredýär.
Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
çuňlaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, iki ýurduň telekeçilik
düzümleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.
Sergi üç günläp dowam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.