Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi açyldy.
Her ýylyň 25-nji maýynda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan halkara sergi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlary, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňden tanyşdyrýar. Onuň işine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Sergä gatnaşýan edara-kärhanalar gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn we şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli bolan ugurlar boýunça özleriniň önümlerini, hyzmatlaryny bu ýere gelýänlere hödürleýärler. Sergi 25-nji maýda hem öz işini dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.