Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly
döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi. 2023-nji ýylyň 29-njy
dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ruhyýet» köşgünde geçiren
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde
geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen
işleriň netijelerine garaldy.
Döwlet
Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany
baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.
Munuň
özi Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden belleniljek
2024-nji ýyla mahsus şygardyr.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.