"Tarmim Ozw Sarir" kompaniýasy bedeniň ýokarky agzalary (werhniýe koneçnosti) üçin bionikiprotezleriň taslamasyny düzmek we öndürmek üstünligini gazandy we üç ölçegli skanirlemek tehnologiýasyny ulanmak arkaly hirurgiki operasiýa etmezden maýyplaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi başardy. Bu kompaniýa Türkmenistana öz öndürýän önümlerini ibermäge, Türkmenistanyň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalary bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge, olar bilen okuw webinarlaryny gurnamaga şeýle hem Türkmenistana tehnologiýalary geçirmäge özüniň taýýardygyny mälim edýär.