24.08.2026
Çagalyk
— arzuwlaryň ilkinji ganat açýan döwri. Şol arzuwlaryň haýsy ugra «uçjakdygyny» bolsa bilim, terbiýe, döredijilik we ynam kesgitleýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarka şol ganatlaryň berkemegi üçin dürli mümkinçilikleri bir ýere jemleýär. Bu ýerde çagalar özüni tanamaga, ukybyny synap görmäge, täze zatlary öwrenmäge, geljek baradaky arzuwlaryny has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik alýarlar. Ak mermerli paýtagtymyzda öz işini dowam edýän «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasynyň ikinji güni hem şowhunly çärelere, ýatdan çykmajak pursatlara baý
boldy.
Sergi
ýaş
nesliň
zehinini,
döredijilik ukybyny, bilim almaga höwesini, geljege bolan ynamyny bir giňişlikde jemleýär.
Serginiň
ikinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, meýdançada guralan «Çagalar üçin zehinler zolagy», «Hünärler şäherçesi», «STEM— ylym zolagy», planetariý, amaly haşam we şekillendiriş sungaty gurnaklary ýaşajyk myhmanlaryň aň düşünjesini artdyrmaga, döredijilik ukyplaryny
ösdürmäge hyzmat etdi. Çäreleriň hatarynda ýaş nesliň zehinini synaýan,
pikirleniş ukybyny ösdürýän bäsleşikler aýratyn orny eýeledi. Serginiň
çäklerinde guralan halkara küşt ýaryşy munuň aýdyň güwäsidir. Küşt tagtasynyň başynda
özara bäsleşýän ýaşajyk türgenleriň her bir göçümi olaryň ünsüni jemlemek, çalt
pikirlenmek, dogry çözgüt tapmak başarnygyny ýüze çykardy. Ýaryşyň halkara
derejede geçirilmegi bolsa ýaş küştçüleriň tejribe toplamagy üçin aýratyn
ähmiýete eýe boldy.
— Halkara guramalar bilen
bilelikde guralan bu bäsleşige 8, 10, 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda dünýäniň
8 ýurdundan jemi 94 türgen gatnaşdy. Ýaryşlar küştüň rapid we blitz görnüşleri
boýunça geçirildi. Rapid boýunça ýaryşlar öňňin üstünlikli geçirildi. Serginiň
ikinji gününde bolsa küştüň has çalt oýnalýan görnüşi bolan blitz boýunça
bäsleşikler guraldy. Türkmenistanly türgenleriň bu halkara ýaryşda üstünlikli
çykyş etmekleri bizi örän buýsandyrýar. Ýaş zehinli küştçülerimiz mümkin bolan
12 altyn medalyň 7-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp
boldular. Küşt tagtasynda gazanylan bu netijeler ýaşajyk küştçülerimiziň
halkara derejede öz ussatlygyny ynamly görkezýändiginiň güwäsidir. Her bir
medal olaryň yhlasly taýýarlygynyň, maksada okgunlylygynyň, ýaş zehinleriň
kämilleşmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Ýeňişleriň şatlygy
bolsa sergä gatnaşýan beýleki ýaşlaryň hem sporta we akyl-paýhas oýunlaryna
bolan höwesini artdyrýar — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş
kätibi Mergen Kakabaýew gürrüň berýär. Sergide ýaş nesliň aň-düşünjesini diňe
bir intellektual oýunlaryň üsti bilen däl, eýsem, kitaplar, döwrebap okuw
gollanmalary arkaly ösdürmäge hem uly üns berilýär. Diwarlyklarda görkezilýän
täze neşirler çagalaryň uly höwes bilen tanyşýan bölümleriniň birine öwrüldi.
Logiki pikirlenmäge we çalt çözgüt tapmaga kömek edýän «Zehin soraglary»,
körpeleriň aňyny ösdürýän dürli «Ertekiler», ünsi güýçlendirip, akyl-paýhasyny
artdyrýan «Hekaýalar» kitapçalary aýratyn islege eýe boldy. «Sözýetim», «Elwan
depderim» ýaly neşirler hem çagalaryň bilim dünýäsine täzeçe nazar bilen
garamagyna giň ýol açýar. Çaga üçin kitap täze maglumatlaryň çeşmesi bolmak
bilen birlikde, onuň hyýalyny ganatlandyrýan, pikirlenişini baýlaşdyrýan,
gözýetimini giňeldýän ruhy baýlykdyr. Sergide dürli ýaşdaky çagalaryň
gyzyklanmalaryna laýyk neşirleriň jemlenmegi bu ugurdaky işleriň giň geriminden
habar berýär. Halkara sergi-ýarmarkada milli medeniýetimizi we
gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän sanly taslamalaryň tanyşdyrylyş dabaralary
hem möhüm orny eýeleýär. Çagalaryň endikleri sanly dünýä bilen aýrylmaz
baglanyşykly bolansoň, olara niýetlenen maglumatlaryň howpsuz, peýdaly we milli
ruhda bolmagy aýratyn ähmiýete
eýedir. Sergide ilkinji gezek
tanyşdyrylan «Nowça TV» sanly platformasy hut
şu maksada gönükdirilendir.
— Şu serginiň çäginde biz
ilkinji gezek «Nowça TV» atly täze sanly platformamyzy
köpçülige tanyşdyrdyk. Bu platforma 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin doly howpsuz
bolup, milli gymmatlyklarymyza esaslanýan animasiýa we bilim beriji
eserleri özünde jemleýär. Onda türkmen hem-de daşary
ýurt multfilmleriniň birnäçesini ýerleşdirdik. Olar çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna
görä, 3 ýaşa çenli we 3 ýaşdan ýokary çagalara niýetlenen bölümlere
bölünýär. Bu ýerde diňe bir multfilmler bolman, eýsem, çagalar üçin
ýörite taýýarlanylan gepleşikler, aýdym-sazlar, wideorolikler hem bar.
Munuň esasy aýratynlygy
ata-eneleriň çaganyň ekrana tomaşa edýän wagtyny
hut platformanyň üsti bilen gözegçilikde saklap bilmegidir. Bu bolsa çagalaryň
sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden çakdanaşa peýdalanmagynyň öňüni almaga ýardam
berýär. «Nowça TV» awtorlyk hukuklarynyň doly berjaý edilmeginiň
esasynda işleýär. Häzirki wagtda platforma goşulmak örän aňsat. Munuň üçin
smartfondan 0530 gysga belgä 11 ýazyp, gysga habarnama ugratmak ýeterlikdir.
Şolbada ulgama birikmek üçin salgylanma gelýär. Platformamyz günde täze
multfilmler bilen baýlaşdyrylýar, ýakynda bolsa ony «Google Play» we «App
Store» ulgamlaryna hem goşmagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de biz ýörite görkeziliş
meýdançasynda — «Mini cinema» zolagynda «Menekliler» atly täze multfilmiň
ilkinji görkezilişini geçirdik. Oňa çagalar uly höwes bilen tomaşa etdiler.
Platformada «Daniel gaplaňjyk», «Maşa we Aýy», «Janly ussahana», «Tikenjik
bilen Mymyjyk», «Doppi Pomidor» ýaly gyzykly eserler çagalara garaşýar — diýip,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň hünärmeni Ýazgül Udiýewa täze taslama
baradaky pikirini paýlaşdy.
Çagalaryň sanly giňişlikde hem milli
gymmatlyklarymyz bilen sazlaşykly ösmegi häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň
biridir. Şu jähetden, «Nowça TV» ýaly başlangyçlaryň ähmiýeti uludyr. Çaganyň
ekranyň öňünde geçirýän wagtyna ata-eneleriň gözegçilik edip bilmegi, bilim
beriji we terbiýeçilik mazmunly eserleriň bir ýerde jemlenmegi sanly
mümkinçilikleriň maşgalanyň gündelik durmuşynda has netijeli peýdalanylmagyna
şert döredýär. Çagalaryň kalbynda gözellik duýgusy, reňklerdir şekiller arkaly
öz pikirini beýan etmek islegi kiçilikden oýanýar. Şonuň üçin sergi-ýarmarkanyň
amaly-haşam we şekillendiriş sungatyna bagyşlanan «Art zone» döredijilik
meýdançasy çagalaryň iň halaýan ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde çagalar
palçykdan şekilleri ýasamagy, keramika bilen meşgullanmagy, surat çekmegi,
dürli el işlerini ýerine ýetirmegi öwrenýärler. «Nur Art» döredijilik kurslary
mekdebiniň keramika studiýasynyň alyp barýan işleri hem ýaşajyk myhmanlarda uly
gyzyklanma döretdi. Çagalaryň küýzegärlik çarhynyň başyna geçip, öz elleri
bilen dürli önümleri döretmäge synanyşmagy meýdançanyň aýratyn öwüşginine
öwrüldi. Serginiň dowamynda milli senetçiligimizi giňden wagyz etmäge, el
işlerine bolan söýgini oýarmaga, dürli döredijilik ugurlary bilen gyzyklanýan
adamlary bir ýere jemlemäge gönükdirilen başlangyçlar-da uly orun eýeleýär.
Elde ýasalan oýnawaçlar, bezeg şaýlary, dürli görnüşli torbalar, saç bezegleri,
bilezikler we beýleki önümler sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Elde
döredilen her bir önümiň özboluşly gözelligi bolýar. Sebäbi onuň aňyrsynda
ussanyň zähmeti, sabyrlylygy we döredijilik gözlegi dur. Ýaş nesilleriň
geljekki hünärini dogry saýlamagy, olaryň ukyplarynyň irki ýaşlardan ýüze
çykarylmagy serginiň esasy maksatlarynyň biridir. Bu ugurda «Hünärler
şäherçesi» zolagynda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu
özboluşly taslamada çagalar dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen gyzykly
oýunlaryň, täsirli çäreleriň üsti bilen tanyşýarlar. Hünärler meýdançasynda
mugallymçylyk, kosmonawtlyk, ekologiýa, maliýe, dizaýn ýaly ugurlar çagalaryň
öňünde özboluşly bir dünýä hökmünde açylýar. Çagalar ýörite anketalary
dolduryp, soňra dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar, käbir
hünärlere degişli işleri özleri ýerine ýetirip görýärler.
Bu ýerde çagalar bilim dünýäsine aralaşyp,
gyzykly oýunlar arkaly mugallymyň asylly käri bilen tanyşýarlar.
Soňra olar kosmonawt bolup,
älem giňişligine wirtual syýahat edýärler. Ýörite päsgelçilik zolagyndan geçip, «Ekologiýa
planetasyna» düşýärler. Ekologlaryň meýdançasynda bolsa planetamyzy
galyndylardan arassalamagyň, aýna, plastik we kagyz ýaly serişdeleri dogry
ulanmagyň düzgünleri amaly taýdan öwredilýär. Maliýeçiniň zolagynda pul
serişdelerini nähili dolandyrmalydygy, maýa goýumlar, pul ýygnamagyň usullary
barada gürrüň berilýär. Dizaýner zolagynda bolsa çagalar töweregimizdäki
mahabatlaryň, bannerleriň, gazet-žurnallaryň dizaýnynyň nähili döredilýändigi
bilen tanyşýarlar. Olar hatda moda dünýäsi üçin täze lybaslaryň çyzgylaryny-da
çyzyp görýärler. Oýnuň ahyrynda her bir çaga öz ukyplaryna we gyzyklanmalaryna
görä haýsy hünärlere has ýakyndygy barada ýörite şahadatnama gowşurylýar. «Hünärler
şäherçesinde» hünärleriň diňe bir düşündirilmän, eýsem, oýun we amaly
hereketler arkaly görkezilmegi çaganyň öz ukybyny has erkin synap görmegine
mümkinçilik berýär.
Serginiň ikinji gününiň dowamynda
sagdyn iýmitlenişe, çagalaryň saglygyny goramaga bagyşlanan maslahatlar hem
ata-eneler üçin örän peýdaly boldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
ylmy-kliniki merkeziniň, beýleki lukmançylyk edaralarynyň wekilleriniň
çykyşlarynda ýaş nesilleriň saglygyny goramak babatda ýurdumyzda amala
aşyrylýan giň gerimli işler barada gürrüň edildi.
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin»
atly halkara sergi-ýarmarkanyň ikinji güni çagalaryň kalbynda ýakymly ýatlamalary galdyrjak pursatlara baý
boldy. Kimdir biri küşt tagtasynda ýeňiş gazandy, başga biri keramika çarhynyň
başynda öz eli bilen ilkinji eserini döretdi. Bir çaga kitaplaryň arasyndan
özüne ýakyn eseri tapdy, ýene biri älem giňişligine wirtual syýahat etdi. Başga
biriniň bolsa geljekde haýsy hünäri saýlajakdygy baradaky ilkinji arzuwlary şu
ýerde kemala geldi. Serginiň her bölüminde bir hakykat aýdyň duýulýar: zehin
diňe bir ýüze çykarylman, ony ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikler gerek.
Çaganyň kiçijik höwesi dogry goldaw bilen uly arzuwlara, arzuwlary bolsa
geljekki üstünliklere öwrülip bilýär. «Kids EXPO» halkara sergi-ýarmarkasynyň esasy ähmiýeti hem
hut şunda. Ol çagalaryň häzirki şatlygyny geljekki
üstünlikleriniň ilkinji ädimleri bilen
bilen birleşdirýär.
Baýramberdi GELDIMYRADOW.
ÇEŞME: «Türkmenistan» GAZETI 21.08.2026