17.07.2026
Şu gün Gruziýa döwlet
saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn
gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy iýulda hormatly
Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gruziýa bardy.
...Ir bilen döwlet
Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat
garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň
milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi
geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary
hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata
atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet
senalary ýaňlandy.
Gül goýmak dabarasyndan soňra,
döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Hökümet binasyna ugrady. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý
Kobahidze mähirli garşylady.
Soňra döwlet Baştutanymyz
bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler
geçirildi.
Premýer-ministr Irakliý
Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Gruziýada
Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini
belledi we hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary
giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol
mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Gruziýanyň Premýer-ministri
hormatly Prezidentimiziň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň bu
çäräniň ähmiýetini has-da artdyrandygyny, forumyň netijeleriniň ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň
wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň
Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň
wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet
Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary
has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Irakliý Kobahidze 2015-nji
ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Gruziýa amala aşyran saparynyň özara gatnaşyklaryň
ösüşiniň binýadyny goýandygyny aýtdy we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
tagallalary bilen bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigini belledi. Ol
Türkmenistana üç gezek sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden
peýdalanyp, saparlar wagtynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek
hoşallygyny beýan etdi we şu gün gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň
hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri
açjakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz öz
adyndan we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik
üçin Gruziýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli
ösdürilýändigini belledi we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly
Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary
ösdürmäge berýän ünsi üçin Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk
bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi
ýaly, häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol
iki halkyň we döwletiň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýar. Türkmenistan
bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň,
dostlugyň nusgasy bolup durýar.
Syýasy, söwda-ykdysady, durmuş
ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa
geçirilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn
resminamalaryň uly toplumynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle
hem iki ýurduň halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler
Guramasynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyna ýokary baha berildi.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň
arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly hem-de netijeli
ösdürilýändigini aýdyp, soňky döwürde haryt dolanyşygynyň depginli artýandygyny
belledi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orny
eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ulag we logistika ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň
esasy strategik ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň gruziýaly
hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta
Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge doly taýýardygyny aýtdy.
Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň
gatnaşmagynda döredilýän «Lazurit» ulag geçelgesi hem ýene bir ähmiýetli,
geljegi uly taslama hökmünde görkezildi.
Energetika ulgamynda-da Türkmenistanyň Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerine gyzyklanma bilen garaýandygy, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Syýahatçylyk pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Saparyň çäklerinde guralan Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda anyk we geljegi uly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz
2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä belli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň
açylandygyny, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly
Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügini belledi.
Iki ýurduň arasynda bilim-ylym ugurly gatnaşyklary ösdürmäge, esasy ýokary okuw
mekdepleriniň, akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga
aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola
goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri
bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak
barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de
Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky
meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de bildirilen
myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny
beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň
Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda
Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Gruziýanyň Premýer-ministri
hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin
tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, ulag-logistika,
ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge
taýýardygyny tassyklady. Irakliý Kobahidze çakylyk üçin hoşallyk bildirip,
döwlet Baştutanymyzyň saparynyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerine
gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, ol Gruziýanyň Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ulgamda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady hem-de
çakylygy kabul edip, Gruziýa sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimize
ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Soňra iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Soňra ikitaraplaýyn
resminamalar alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin
hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň
arasynda döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk
etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Gruziýanyň Maliýe
gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň
kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş
ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny
alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň
arasynda medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry
bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruzin köşk-muzeýler bileleşiginiň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruziýanyň Patyşalyk
Aziýa jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen «Gruziýanyň Ilýa
Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasy» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik
şahsynyň arasynda kitaphana işi babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa
Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili
adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş
we derman senagaty ministrligi bilen Gruziýanyň Göçürilenleriň işleri boýunça,
zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goragy ministrliginiň arasynda saglygy
goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar
ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
(Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti»
jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen
Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
(Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň
arasynda senagat babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen
«Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentligi» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik
şahsynyň arasynda deňiz ulag howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Batumi
döwlet deňiz akademiýasy» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda
hünärmenleri taýýarlamak we deňiz bilimi babatda hyzmatdaşlyk etmek barada
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi
bilen «Gruzin demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem türkmen
wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy
(Türkmenistan) bilen «Europe 24» TW-kompaniýasynyň (Gruziýa) arasynda habarlar
materiallaryny alyşmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gol çekmek dabarasy
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze metbugat wekillerine ýüzlenme
bilen çykyş etdiler.
Irakliý Kobahidze döwlet
Baştutanymyzyň şu saparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran
ikinji döwlet saparydygyny, birinji sapary 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrandygyny belledi. Gruziýanyň Hökümet
Baştutany şu saparyň gruzin-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge
uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem dürli
ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekilendigini, bu
resminamalaryň gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Premýer-ministr Türkmenistanyň
Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda özara gatnaşyklaryň we halkara gün
tertibiniň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp,
Gruziýanyň Türkmenistana Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaş hem-de dostlukly
döwlet hökmünde garaýandygyny belledi. “Biziň gatnaşyklarymyz köpýyllyk hyzmatdaşlyga
we özara hormat goýmaga esaslanýar” diýip, Irakliý Kobahidze aýtdy.
Gruziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, infrastrukturanyň kämilleşdirilendigini, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylandygyny belläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşiň ýoly bilen öňe gitjekdigine ynam bildirdi. Ol ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we özara söwdany, eksporty giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag-logistika, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryna garaldy.
Irakliý Kobahidze gepleşikleriň
dowamynda halkara we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň
meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, häzirki wagtda
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, Gruziýanyň
Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge
aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň
Premýer-ministri çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi
üçin hormatly Prezidentimize ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de şu
günki gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky
ykdysady gatnaşyklary iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip,
Gruziýanyň Premýer-ministri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini, bu
duşuşyklaryň dostlukly we işjeň ýagdaýda geçendigini, saparyň dowamynda
Gruziýanyň Prezidenti bilen hem duşuşygyň geçirilendigini aýdyp, şol
gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi özara
maksat edinýändiklerini tassyklandygyny nygtady. “Biz mundan beýläk-de
ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny döretmek,
yzygiderli diplomatik tagallalary etmek barada ylalaşdyk. Gruziýa ýurdumyzyň
möhüm ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Gruziýa Türkmenistanyň Bitaraplyk
syýasatyny we beýleki birnäçe ugurlarda halkara başlangyçlaryny goldaýar”
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Gruziýanyň Premýer-ministrine
minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda
söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin anyk şertleri döretmäge
aýratyn üns berildi. Saparyň dowamynda Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty,
Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi üstünlikli geçirildi. Haryt
dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmekde
iki ýurduň uly mümkinçiliklere eýedigi tassyklanyldy. Söwda-ykdysady
gatnaşyklary giňeltmekde iki ýurduň telekeçilik düzümlerine aýratyn orun
berildi. Şeýle-de özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek
barada ylalaşyk gazanyldy.
Döwlet Baştutanymyz ulag
ulgamyny hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde belläp, Günorta Kawkazyň “Hazar
deňzi — Gara deňiz” üstaşyr ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýandygyny
aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda Gruziýa geljegi uly hyzmatdaş hökmünde
garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki
döwürde Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň
gatnaşmagynda «Lazurit» geçelgesi, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň,
Rumyniýanyň gatnaşmagynda “Hazar deňzi — Gara deňiz” geçelgesi taslamasy ýaly
ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki geljegi uly taslamalaryň bardygyna ünsi
çekdi. “Şeýle hem ýurtlarymyz TRACECA ulag geçelgesiniň gatnaşyjylary bolup
durýarlar. Bu taslamalaryň ählisi boýunça işleri ikitaraplaýyn derejede dowam
etdirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we
energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamynda, syýahatçylyk, oba hojalygy,
dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda, beýleki ugurlaryň birnäçesinde Gruziýa
bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň gowy mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Türkmenistanyň we Gruziýanyň medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilik babatda
hyzmatdaşlyk etmegi üçin oňaýly şertleri döretmek barada ylalaşylandygyny,
ylym-bilim ulgamlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary
giňeltmegiň möhümdiginiň bellenilendigini, saparyň jemleri boýunça
resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu
saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola
goýlan senesine gabat gelýändigini belläp, Premýer-ministr Irakliý Kobahidzeni
bu sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda bu taryhy wakanyň 35
ýyllygyny giň gerimde, ýokary derejede bellemegiň teklip edilendigini
tassyklady.
“Biz Gruziýanyň ýolbaşçylary
bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma
bildirýäris. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň geljekde türkmen-gruzin
hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn”
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň dostlukly
halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
Gruziýa döwlet saparynyň
maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli
adyndaky Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz
we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm
ähmiýetini ýene-de bir gezek belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.
Biraz wagtdan Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli
garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly
Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini tassyklady. Gol
çekilen resminamalaryň uly toplumy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
ygtybarly hukuk binýadyny döredýär, üstünlikli geçirilen gepleşikler bolsa
özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýar.
***
Hormatly Prezidentimiziň
döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň
dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň
50-den gowragy geçirilip, olaryň dowamynda şertnamalar baglaşyldy we
ähtnamalara gol çekildi. Hususan-da, “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti
logistika hyzmatlary boýunça birnäçe gruzin kompaniýasy bilen Şertnama, “Tibet
türkmen” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça
Şertnama, “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti distribýuterligi almak boýunça
Şertnama, “Şerbetli Ak gar” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini
eksport etmek boýunça Şertnama, “Täç hil” hojalyk jemgyýeti Gruziýa
himiki-ýuwujy serişdeleri eksport etmek boýunça Şertnama, “Ygtybarly
ätiýaçlandyryş” AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça özara düşünişmek hakynda
Ähtnama, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bolsa gurluşyk harytlaryny satmak we
almak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.
tdh.gov