19.07.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul
edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden
ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan
gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň
taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap
üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Mejlisde
Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edilip, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle
hem halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan
gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň agzalary
Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň we Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde
guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda döwlet
ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu ulgamy has-da ösdürmek hem-de hökmany döwlet ätiýaçlandyryşy babatda
kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek boýunça işler yzygiderli alnyp
barylýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň käbir
kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet
ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn
edaralary bilen bilelikde döwlet ätiýaçlandyryşy bilen bagly degişli Düzgünleriň
taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu
ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere hökmany döwlet ätiýaçlandyryş
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmengaz» döwlet
konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu ugurda geçirilýän netijeli işler türkmen tebigy gazyny içerki sarp
edijilere hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrmaga ýardam edýär. Şunda
daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm
ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň
türkmen-german işewürligini ösdürmek babatda döredip berýän şertleriniň aýdyň
netijesidir.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy
gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň
wajypdygyny nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda
gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär.
Hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk
işleriniň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary we pagta arassalaýjy
kärhanalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalaryny hem-de dürli tehnikalary
taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Geljek
ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekin meýdanlarynda sürüm
we tekizlemek işleri, ekiş möwsümi üçin gerek bolan bugdaý tohumlaryny hem-de
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak
işleri dowam edýär.
Şeýle
hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly we
netijeli peýdalanmak maksady bilen suw howdanlaryna suw toplamak hem-de suwaryş
we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmegi dowam etmegiň, ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş
nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işlerini berk gözegçilikde
saklamagyň möhümdigini belledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki
kadalar esasynda ideg etmek işlerini netijeli dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa»
döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik
kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça
degişli çäreler görülýär. Munuň özi bu öndürilýän önümleriň möçberini
artdyrmaga we önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda
işleriň has-da netijeli bolmagy üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary
bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa
kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, bökdençsiz işletmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň
zawodlaryny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan
beýläk-de netijeli dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy,
hususan-da, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk
kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem
boýag we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el
halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly
ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadyny berkitmek
maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň
işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň berýän
goldaw-hemaýatlary netijesinde, bu gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak, önümçiligi bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle
hem wise-premýer bu işleriň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen,
daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola
goýlandygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň
merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de sungat ussatlarymyzyň
ýoluny mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen
baglylykda, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungat älemine söýgini döretmekde,
olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.
Bäsleşigiň
tapgyrlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän
aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy
çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si
döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimizde ýaşlarymyzyň
döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň
döredilýändigini aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri»
bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Gruziýa amala aşyran
döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs
ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň geçiren ýokary derejedäki
gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary
ösdürmek meseleleriniň giň toplumyna seredilendigini, hormatly Prezidentimiziň
saparynyň çäklerinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň
ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim bolandygyny
belledi.
Şunuň
bilen bir hatarda, Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň
iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrandygy
barada aýdyldy.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly
alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny
daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ulgamlaýyn esasda
ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri degişli ugurlar boýunça
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.
Hususan-da,
Türkmenistanyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara
başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Pudagara iş toparyny
döretmek teklip edilýär. Bu Pudagara iş topar degişli daşary ýurt döwletleriň,
halkara guramalaryň hem-de halkara maliýe institutlaryň wekilleri bilen
yzygiderli gepleşikleri geçirer. Şeýle hem Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary
boýunça Sebit merkezini, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezini we
beýleki halkara ekologik başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan
işleri utgaşdyrar.
Şeýle
hem Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny dünýä
jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek hem-de olara berilýän halkara goldawlary
güýçlendirmek maksady bilen, ýokary derejeli sebitleýin we ählumumy
maslahatlara, forumlara hem-de sergilere işjeň gatnaşmak, olaryň çäklerinde
ugurdaş çäreleri geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Milli pawilýonlaryny ýa-da
tanyşdyryş meýdançalaryny döretmek teklip edilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň
ekologiýa diplomatiýasynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine, täze hyzmatdaşlary
çekmäge hem-de halkara maliýe we tehniki goldawlary giňeltmäge ýardam berer.
Bulardan
başga-da, häzirki günde ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň
çözülmeginde Türkmenistanyň tutýan ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmak, şeýle
hem ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa
geçirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyň täze institusional görnüşi
hökmünde Aşgabat Howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.
Şunuň
bilen birlikde, Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça hem-de Çölleşmäge
garşy göreşmek boýunça Sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň
Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnama agzalan
merkezleriň dolandyryş gurluşyny hem-de hyzmatdaşlyk gurallaryny öz içine alar.
Bu merkezleriň geljekde sebit derejesinde öňdebaryjy hyzmatdaşlyk hem-de
innowasiýa meýdançalaryna öwrülmegini üpjün etmek maksady bilen, Birleşen
Milletler Guramasynyň degişli düzümleri hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlar
bilen utgaşykly işleri dowam etmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Ýokarda
agzalan halkara başlangyçlaryň maliýe taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek
üçin BMG-niň degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Ählumumy ekologiýa
gaznasy (GEF) we Uýgunlaşmak gaznasy (Adaptation Fund), şeýle hem halkara
maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň
üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebit
we halkara derejesinde netijeli işleri alyp barýandygyny belledi.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi boýunça halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri makullap,
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, gämi gurluşygyny ösdürmek hem-de milli flotumyzyň parkyny kämilleşdirmek
we giňeltmek maksady bilen, täze gury ýük gämilerini gurmak boýunça degişli
çäreler görülýär. Munuň özi Hazar deňzinde döwletimiziň gämi gurluşyk
mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
has-da berkitmäge hem-de daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz
flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri
dowam etmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov