26.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adam hukuklaryny
we azatlyklaryny goramaga, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge
gönükdirilen kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda degişli
üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şeýle-de Hytaý Halk
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen
geçirilen duşuşyk, Mejlisiň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm
birlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň
degişli döwlet edaralary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça
geçiren iş we okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça
zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam
berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli
döwrebaplaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek maksady
bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde ýygnap almak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişini guramaçylykly geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilatymyza ýetirmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de galla hasylyny
gysga möhletde ýygnap almak we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek
işlerini berk gözegçilikde saklamak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini öz
wagtynda geçirmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň Energetika ministrligi tarapyndan alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, elektroenergetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
hereket edýän elektrik stansiýalarynda we ýylylyk elektrik merkezlerinde,
elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa
sarp edijileri elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmekde wajyp ähmiýete
eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de sarp
edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady
bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmek
babatda tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda täze
önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň
çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna dürli
önümleri öndürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşary
ýurtlardan getirilýän önümleriň ýurdumyzda öndürilmegine we içerki bazarlary
olar bilen üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, täze iş
orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň
öndürilýändigini belledi hem-de Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze
önümçiligi işe girizmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.
Ol, ilki bilen, hormatly
Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden
bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we halkymyzyň baý medeni
mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin medeniýet
ulgamynyň işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.
Soňra wise-premýer Daşoguz
welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary
netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetimiziň we
sungatymyzyň ösdürilmegi, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda giň
mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet
hepdeliginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny
hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy
ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,
2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda
Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, mejlise
gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow milli maksatnamalarda ylym-bilim ulgamynda
kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Türkmenistanda
agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Elektron žurnal arkaly agronomçylyk, agroekologiýa,
gidromeliorasiýa, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar
ýaly dürli ugurlara degişli öňdebaryjy tejribeler, ylmy-amaly barlaglaryň
netijeleri okyjylar köpçüligine ýetiriler. Şeýle hem žurnalda hormatly Prezidentimiziň
we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly ylmy taglymatlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň,
şeýle-de daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, talyplaryň
ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmegiň göz öňünde
tutulýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu düzümiň
ýolbaşçysynyň geljek aýda ýurdumyza saparyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde
Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky
wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň
dowamynda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň
taslamalarynyň mazmunynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri
Türkmenistan bilen bu bankyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa, bank-maliýe ýaly ugurlar
boýunça degişli resminamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary, halkara banklar bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli
hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini
ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Awtomobil ulaglary ministrliginiň edara-kärhanalarynyň
awtoulag serişdelerini hemişe tehniki taýdan işjeň ýagdaýda saklamak we öz
wagtynda ýokary hilli tehniki hyzmaty amala aşyrmak boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Munuň özi ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmäge
ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek, ilata edilýän ulag
hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny
belledi hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady
bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov