12.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip
gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we
Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby
gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”,
“Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň
Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň
Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Mejlisiň
wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary
bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar
berildi.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň
talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp
barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
bu topary döretmek we onuň birinji mejlisini geçirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň
mejlisinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk
we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy
goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary
bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa
Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan
resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de onuň bilen sarp edijileri ygtybarly üpjün etmek, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, olaryň gerimini giňeltmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak
boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady
bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminamalara gol çekip, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda
ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Galla oragy möwsüminde däne ýygýan
kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün
etmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlarynda kabul etmek boýunça
degişli işler dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär
hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi işlerini geçirmek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli
çäreler görülýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp
barylýar, Lebap welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük
gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk görülýär.
Welaýatlaryň maldarçylyk
hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm
berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda mallar üçin
ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, suwaryş, şor suw
akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly tabşyrmak
boýunça alnyp barylýan işleriň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň öz
wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň doly kuwwatynda bökdençsiz
işledilmegini gazanmak ugrunda zerur işler amala aşyrylýar. Munuň özi
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalaryny, ykdysadyýetiň pudaklaryny
zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm
ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek
maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dokma kärhanalary
yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem pudagyň maddy üpjünçilik
binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi
bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýän möçberiniň we
görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda bäsdeşlige
ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz dürli pudaklaryň dokma önümlerine bolan sargytlaryny üpjün etmek
boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini
geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde
medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak, ony halkara derejede
giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli
Kararyna laýyklykda, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan
welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly
geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hepdeligiň çäklerinde
sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol
sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet
hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary,
maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň,
sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama
teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berilýändigini,
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe
gabatlanyp köp sanly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy
taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowa söz berildi.
Wise-premýer, ilki bilen,
hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda dabaraly
bellenilýän Ylymlar güni hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem ykdysady we
syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ylmy
jemgyýetçiliginiň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize,
Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň
hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň
ylym ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamyny ösdürmek babatda
toplumlaýyn işler amala aşyrylýar, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady
döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly
Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny
ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar boýunça
meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
tarapyndan “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny
wagyz etmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça
2026 — 2030-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy
işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamada ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň
gazananlaryny jemgyýetiň ähli wekilleriniň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz
etmek arkaly ýurdumyzyň adam maýasynyň, ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşynyň has-da
ýokarlandyrylmagyny, gözýetiminiň giňeldilmegini, olaryň ylmy-döredijilik
ukyplarynyň ösdürilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işine işjeň çekilmegini
gazanmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň
intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we
tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda resminama gol çekdi we wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.
Ol, ilki bilen, mejlise
gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy her
ýyl Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen, şeýle hem döwlet
Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar
boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor
alymlyk adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, türkmen
halkynyň Milli Lideri ylmy ösdürmek maksady bilen ägirt uly işleri amala
aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlaryny mynasyp derejede durmuşa geçirýär.
Soňra wise-premýer, daşary
işler ministri Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem
Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekden
ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa yklymynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar.
Şolaryň hatarynda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi. Malaýziýa
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki
ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola
goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini
ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara
resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.
Syýasy ugur barada aýdylanda,
döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki
duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda ýokary
derejeli döwlet we resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň
Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň
Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň
köp ýyllaryň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar, şol
sanda Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugrunda uly işleri
amala aşyrandygy nygtaldy. Milli Liderimiziň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda
Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlarynyň dowamynda iki ýurduň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, syýasy dialogy giňeltmegiň,
özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň binýady goýuldy.
Häzirki döwürde hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary has-da
pugtalandyrylýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy
dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý
hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi. Şeýle hem
Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli
gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy
gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara
guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.
Söwda-ykdysady ulgamda hem
Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Malaýziýanyň
Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparyna
taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň
arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä
çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli
ösdürilýändigini belledi hem-de iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan
hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň
ýurdumyza boljak resmi saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini
kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, toplumyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, onuň
kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça
netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň işleriniň ilerledilmeginde
möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň wajyp
toplumlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk
toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini
kämilleşdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda
Ylymlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini, Garaşsyz ýurdumyzda ylym
ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen
meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de pursatdan
peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov