17.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda
dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagyny ösdürmek we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga
innowasiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral
dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna möhüm
ähmiýet berilýär. Munuň özi azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
...Ir bilen hormatly
Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň
bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli
garşyladylar.
Şu ýylyň hasyly üçin Ahal
welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri
ekildi. Häzirki wagtda welaýatyň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň
tagallalaryndan ruhlanyp, galla oragy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin
yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlar
netijeli ulanylýar. Tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip,
ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji
ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş
nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu bolsa oba hojalyk önüm öndürijilerini
hemmetaraplaýyn goldamagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridigini tassyklaýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz
«Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowa degişli bolan
bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde kärendeçi döwlet Baştutanymyzy mähirli
mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmeginiň welaýatyň
ýaşaýjylary, gallaçy kärendeçileri üçin buýsançly wakadygyny belledi. Ol
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk
pudagyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde gallaçy babadaýhanlaryň ak
bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýändiklerini aýdyp, döredilýän ajaýyp
mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra kärendeçi ýetişdiren
bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly
hormat bilen haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda däne ýygýan kombaýnlar bugdaý hasylyny ormaga girişdiler.
Döwlet Baştutanymyz «Gäwers»
daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň geçirilişini synlady.
Hormatly Prezidentimiziň oba
hojalyk pudagy üçin satyn alyp berýän bugdaý orujy kombaýnlarynyň
enjamlaşdyrylyşy, öndürijilik kuwwaty ýokary halkara standartlara doly laýyk
gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň
öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler
göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da
pugtalandyrylmagy ugrunda edilýän yzygiderli tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Ýurdumyzda ekerançylykda täze
ylmy çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň
täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ekerançylygy ösdürmegiň
strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Oba hojalyk
ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda alnyp barylýan işler,
hususan-da, “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň
täze görnüşleriniň döredilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde milli
daýhançylyk däpleriniň ylmyň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň
işiniň ilerledilmegini üpjün edýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy,
ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler ekin dolanyşygyny innowasion
esasda alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň
kärendeçi babadaýhanlary bol hasyl ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny işjeň
özleşdirýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz
kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, kärende
ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň
hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Kärendeçi döwlet
Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň
netijesinde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol
2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende
ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her
gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14
gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin giň gerimli işleriň durmuşa
geçirilýändigini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna
uly üns berilýändigini aýtdy. Daýhanyň bereketli toprakdan bol hasyl almagy
ugrunda ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kämil tehnikalar, ýokary hilli tohum
we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Döwlet Baştutanymyz halal
zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw
berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly
goşant goşýandyklaryny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady.
Ýurdumyzda oba hojalyk
toplumynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw
bermek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli azyk önümleriniň
öndürilişini üpjün etmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Oba
hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ýer we suw
serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň
ýokarlandyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky
gazananlarynyň ornaşdyrylmagy arkaly anyk çäreler görülýär.
Sergi Diýarymyzda azyk
bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sergidäki çörek
önümleriniň bugdaýyň şu ýylky hasylyndan alnan undan taýýarlanylandygyny
bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň,
ýurdumyzyň ekerançylarynyň yhlasly zähmetiniň netijesinde, halkymyz azyklyk un
we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze
görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil
strategiýasynyň esasy ugrudyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi oba hojalyk
pudagyndaky özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk
önümlerini öndürijiler hem amala aşyrylýan özgertmelere uly goşant goşmak bilen,
ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasylyny
ýetişdirýärler. Bu önümler ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy bilen
tapawutlanýar.
Soňra bu ýerde Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize
ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler
ähli welaýatlarda galla oragy dowam edip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek
maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.
Döwlet Baştutanymyz galla
oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz
kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny
gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli
peýdalanmagyň möhümdigini, munuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda
alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy.
Kärendeçi Şa serpaýy hem-de
daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly zähmetini gaýgyrman, Watan harmanyna ak
bugdaýyň bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiziň
we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp
barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu
ýerden ugrady.
Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň Ahal welaýatyna iş sapary ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli we
öndürijilikli işlemegi, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleriň
döredilýändiginiň, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça
alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi
boldy.
tdh.gov