15.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap
almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň
gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň
ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap
almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap
almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagynyň,
şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda
geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň
häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
bugdaý oragy dowam edip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla
kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý öndürijiler bilen
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny
tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň
we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri
alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we häkime galla hasylyny ýygnap almak işlerini berk
gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler
bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda
ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň
häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
galla oragyna guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly gysga
wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Önüm
öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edip, häzirki wagtda ösüş
suwuny tutmak işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarda
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda
şaly ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda tamamlamak üçin zerur
çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häkime galla oragy möwsümini ýokary hilli geçirmek üçin
guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan
başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklar berildi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba
hojalyk tehnikalary we galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen
tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň
gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Bu işler bilen
bir hatarda, welaýatda şaly ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, häkime daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda
ýygnap almak boýunça işleri gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky
möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk
önümlerini öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli
maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça
zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar,
galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli
çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi,
ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak
işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja
ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap
almak hem-de bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň ekiljek ýerleri
kesgitlenilip, häzirki wagtda meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Mundan
başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň we bu ugurda alnyp
barylýan işlere aýratyn üns bermegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki
çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bugdaý öndürijiler bilen
hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän
möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda
ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip,
orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly
galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, şeýle hem döwlete
tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmekde zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda
degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
häzirki wagtda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap
almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz
hem-de Lebap welaýatlarynda şaly ekişi dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli
işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny
belledi hem-de wise-premýere häzirki wagtda dowam edýän galla oragynyň
guramaçylykly geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we
ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny
ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap
almak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov