19.06.2026
Şu
gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri
Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda
özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de
onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi.
Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş
kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň
nebitgaz toplumyny ösdürmegiň häzirki zaman strategiýasy uzak möhletleýin meýilleşdiriş,
eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, degişli infrastrukturany çuňňur
döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Energetika bazarlarynyň ählumumy
özgerýän döwründe uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde wagtyň synagyndan
geçen ygtybarly halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak aýratyn
ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy
korporasiýalarynyň arasyndaky köpýyllyk netijeli dialog şu ýörelgelere
laýyklykda ösdürilýär. Özara gatnaşyklaryň häzirki tapgyry taryhy waka —
Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30
ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bilen
dabaralandyryldy. Bu forum diňe bir köp ýyllaryň dowamynda bilelikde alnyp barlan
işleriň netijelerini jemleýän waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljek
onýyllyklar üçin gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirmekde strategik meýdança
bolup çykyş edýär. Şeýle iri çäräniň guralmagy taraplaryň hyzmatdaşlygy hil
taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandyklaryny aýdyň görkezýär.
Bu ýöriteleşdirilen maslahaty
geçirmek baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň
Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň
başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen geçiren duşuşygynda Malaýziýanyň
Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bu şanly sene
mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna
bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Malaýziýaly
hyzmatdaşlar tarapyndan bu teklibiň goldanylmagy Türkmenistanyň ykdysady
diplomatiýasynyň halkara abraýynyň belentdigini nobatdaky gezek subut etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklary forumyň aýratyn ähmiýetini we onuň ýokary halkara derejesini tassyklaýar. Munuň özi gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge güýçli itergi berip, täze taslamalara giň ýol açýar, ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini görkezýär.
Maslahatyň plenar mejlisinde
çykyş etmek üçin, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz
berildi.
Döwlet Baştutanymyz
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistana resmi sapar bilen
gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, geçirilen netijeli gepleşikler, şeýle
hem şu maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, munuň nebitgaz
pudagyndaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýändigini
belledi. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletli ykdysady we maýa goýum
hyzmatdaşlygynda örän möhüm şert bolup hyzmat edýär. Şu ýyl nebitgaz pudagynda
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar.
“Bu işde «PETRONAS»
kompaniýasynyň uly orny bardyr. Bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda
Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý
möçberde maýa goýumyny goýdy. «PETRONAS» häzirki döwürde türkmen
hyzmatdaşlarynyň arasynda abraýa we hormata eýe bolup, netijeli, sazlaşykly
işleýär. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine, ýangyç-energetika
pudagyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýar” diýip, hormatly Prezidentimiz
sözüni dowam etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, kompaniýanyň ýolbaşçylaryna
hem-de onuň ýurdumyzda işleýän işgärlerine bilelikdäki taslamalary,
maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýokary ussatlyklary, yhlasly, tutanýerli
zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, geçen
döwürde örän köp işler amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygyň düýpli şertnama binýady
döredildi. Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda önüm çykarmagyň durnukly ösüşi
gazanyldy. Şu maksat bilen, deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý
gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy. Bu ägirt uly işleriň
netijesinde, häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Bu
ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýär.
Ýakyn wagtda «Öwez», «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek
meýilleşdirilýär.
“Hazar deňzinde bilelikde
işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň, 16 million tonna suwuk
uglewodorodyň çykarylmagy «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň
gazanan möhüm üstünlikleriniň biri boldy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda
malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işlemegiň esasynda gaz taýýarlaýan
zawod we kenar gaz terminaly, deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Malaýziýa nebitgaz pudagynda giň gerimli hyzmatdaşlygy
alyp barýarlar. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlygyň
şertnama-hukuk binýady has-da berkidildi” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam etdi we türkmen-malaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň täze giň gerimli hem-de
many-mazmunly tapgyryna gadam basylandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz
«PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki
19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere
başlanjakdygyny, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki
işlere girişmek arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy.
Şeýlelikde, Türkmenistan bilen
Malaýziýa nebitgaz pudagynda uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy has-da
berkidýärler. Iki tarap hem bu işleri giňeltmek, hil taýdan ösdürmek üçin zerur
bolan syýasy, hukuk, guramaçylyk we beýleki mümkinçilikleri döreder.
“Beýleki ugurlarda bolşy ýaly,
Türkmenistan bilen Malaýziýa şu gezekki gepleşikleriň dowamynda nebitgaz
pudagynda alnyp barylýan bilelikdäki işlerde özara düşünişmegiň hem-de
ynanyşmagyň örän ýokary derejesini gazandylar. 30 ýyl mundan ozal nebitgaz pudagynda
başlanan türkmen-malaý hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam edýär” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we häzirki döwürde onuň täze ösüşe, uly geljege eýe
bolýandygyny, munuň Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň umumy üstünligidigini
belledi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz malaý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini goldaýandygy üçin
Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip,
maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň we Malaýziýanyň nebitgaz
pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hemmelere
üstünlikleri, täze sepgitleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy
uly üns bilen diňlenildi.
Soňra Malaýziýanyň
Premýer-ministri Anwar Ibrahime söz berildi. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri
çykyşynyň başynda Malaýziýanyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize,
Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna hoşallygyny beýan edip,
Malaýziýada ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara ynanyşmak, hormat goýmak,
umumy ösüşe tarap ymtylmak gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň
2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary taryhy we şanly
waka boldy. Bu saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn
pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygymyzy tassykladyk. Nebitgaz ulgamy biziň
gatnaşyklarymyzyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, biz
hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýäris. Hususan-da, ýokary
okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, talyp alyşmalaryny
işjeňleşdirmäge, beýleki möhüm ugurlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly
taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygymyzy tassykladyk. Şu ýyl taryhy sene —
«PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň 30 ýyllygy bellenilýär.
1996-njy ýyldan gözbaş alýan bu strategik hyzmatdaşlyk häzirki döwürde iň
ýokary derejä göterildi” diýip, Anwar Ibrahim aýtdy we hormatly Prezidentimiziň
hut özüniň yzygiderli goldawynyň, aýratyn ünsüniň netijesinde şeýle
üstünlikleriň gazanylandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet
Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
“30 ýylyň dowamynda «PETRONAS»
Türkmenistanyň düzümlerini ösdürmäge, şol sanda nebitgaz infrastrukturasyny
döwrebaplaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Bu üstünlik iň esasy binýada — ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak,
hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki
günde Türkmenistan we «PETRONAS» hakyky, ygtybarly hem-de uzak möhletleýin
hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler. Şu gün
ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi özara gatnaşyklaryň täze
tapgyryna gadam basylandygynyň güwäsi bolup durýar” diýip, Malaýziýanyň
Premýer-ministri aýtdy we beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Köňüller, ýürekler
bir bolup başlar,//Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar» diýen şahyrana
setirleriniň şu gezekki duşuşygyň düýp manysyny şöhlelendirýändigini nygtady.
Anwar Ibrahim bu sözleriň
Malaýziýanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň ruhy jebisligini iň gowy
ýagdaýda subut edýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimize we türkmen
işewürliginiň wekillerine ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Plenar mejlis tamamlanandan
soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde
türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hem-de belent mertebeli myhman ilki Türkmenistan bilen «PETRONAS»
kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilýona bardylar. Bu
ýerde kompaniýanyň wekili hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy
tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur
gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin
taslamalaryň barşy barada giňişleýin maglumat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de
Premýer-ministr Malaýziýanyň bu iri kompaniýasynyň Türkmenistanyň
ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha
berip, gazanylan tejribäniň senagat taýdan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin
berk binýat bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.
Sergide Türkmenistanyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öňdebaryjy ýokary okuw
mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Malaýziýanyň iri ugurdaş
kompaniýalarynyň giň möçberli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir. Sergide
ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet
konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň,
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet
korporasiýasynyň pawilýonlary wekilçilik etdi. Olarda nebitgaz pudagynda
gazanylan üstünlikler, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny
tapýar.
Mälim bolşy ýaly,
Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy
pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň
halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir
ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny
pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Gözden geçirilişde
Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika,
Aragatnaşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň diwarlyklary-da
ýerleşdirilip, olarda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli
ugurlarynda gazanýan üstünlikleri görkezildi.
Sergi bilen tanyşlygyň
dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri telekeçi
zenanyň diwarlygyny synladylar. Telekeçi zenan belent mertebeli myhmana alyp
barýan işleri, türkmen halysynyň aýratynlyklary, taryhy, görnüşleri we ony
dokamagyň usullary barada gürrüň berdi. Ol myhmany sarpalamagyň halkymyzyň
asylly däpleriniň biridigini aýtdy hem-de Anwar Ibrahime elde dokalan ýüpek
halyny sowgat berip, ony belent mertebeli myhmana gowşuryp bermegini döwlet Baştutanymyzdan
haýyş etdi. Şeýle-de telekeçi zenan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde hormatly
Prezidentimize elde dokalan haly horjuny sowgat hökmünde gowşurdy.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra,
döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen
resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali
(Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda
önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D
seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz»
döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.»
kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň
Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek
boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.
Forumyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar
Ibrahime maslahata gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alyp
barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Şeýlelikde, Aşgabatda
geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen
«PETRONAS» kompaniýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň
nusgalyk häsiýete eýedigini aýdyň subut etdi. Maslahatyň
dowamynda beýan edilen pikirler hem-de teklipler taraplaryň häzirki zamanyň
möhüm tehnologik, ekologik wezipelerine bilelikde netijeli çözgütleri işläp
taýýarlamaga taýýardyklaryny nobatdaky gezek tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň
öňdengörüjilikli başlangyjy boýunça guralan hem-de iki döwletiň ýolbaşçylarynyň
gatnaşmagy bilen kuwwatly itergi alan bu halkara maslahatyň netijeleriniň iş
ýüzünde durmuşa geçirilmegi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň
taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny innowasion taýdan
ösdürmäge ýardam eder.
tdh.gov