16.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady.
Döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary we parlamentara derejedäki özara saparlar munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň martynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek.
Ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň
esasy ugry bolup durýar. Bu ulgamda tagallalary utgaşdyrmakda Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparyna aýratyn orun
degişlidir. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum
işjeňligini höweslendirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni
gatnaşyklary ýola goýmak üçin has amatly şertleri döretmek ugrunda yzygiderli
işleri alyp barýarlar.
Ulag-logistika pudagy
türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynda wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Hazar
deňzindäki we Gruziýanyň Gara deňizdäki kuwwatly port düzümleri ýurtlarymyza
Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirýän «Hazar deňzi — Gara deňiz» multimodal
ugry, «Lapis Lazuli» ulag geçelgesi ýaly möhüm halkara geçelgeler boýunça
hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleri açýar.
Medeni-ynsanperwer dialog
döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup, iki halky ýakynlaşdyrmaga,
medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Ýurtlarymyz ylym-bilim, syýahatçylyk
ulgamlarynda gatnaşyklary işjeň ösdürýärler. Taryhy-medeni mirasy giňden wagyz
etmek meselesine aýratyn üns berilýär.
...Birnäçe wagtdan hormatly
Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisi
şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen
ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Prezidentler Serdar
Berdimuhamedow we Mihail Kawelaşwili ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Hormat
garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary
ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary haly düşelen ýodajyk boýunça ýöräp, Hormat
garawulynyň hatarynyň başynda duran Gruziýanyň Döwlet baýdagynyň öňünde
durýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.
Iki ýurduň Döwlet
baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda
ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Gruziýanyň Prezidenti belent
mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekledi hem-de çakylygy kabul edip,
Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly
Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany
açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman
Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gruziýa
sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz şu saparyň Türkmenistan bilen
Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesine
gabat gelýändigini belläp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny bu waka bilen
gutlady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň
çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin
gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda
parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri
hökmünde görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy
ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň
Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi — Gara
deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Hazar we
Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa goýum
hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Ýurtlarymyzyň arasynda
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa bilen medeni,
ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny
tassyklady. Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň
arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr
boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän
ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi
üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet
Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň
arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine
mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşykdan soňra, döwlet
Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Gruziýa döwlet saparynyň
çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna
gatnaşmak üçin “Ekspo Georgia” sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli
garşylady.
Soňra bu ýerde Türkmen-gruzin
işewürlik maslahaty geçirildi.
Forumda, ilki bilen,
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi. Ol hormatly
Prezidentimizi hem-de foruma gatnaşyjylary mübärekläp, döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedowy Gruziýada kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny
belledi we şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
durnukly, ýokary depginde ösdürilýändiginiň, hususy pudak, işewürler üçin täze,
giň gözýetimleri açýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidigini nygtady.
Irakliý Kobahidze häzirki
wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba
hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň,
kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp, bu toplanan baý tejribäniň
geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.
Gruziýanyň Premýer-ministri
hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň iki
ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola
goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz
maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we
maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda
maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan
ybaratdygyny nygtady. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny
mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji
tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy. «Hazar deňziniň
uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar.
Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary
bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Uglewodorod serişdelerini
gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe girizildi. Häzirki döwürde
taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport
edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän mineral dökünleri,
polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlary gurup, gazhimiýa
pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüşi gazandy» diýip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň hem netijeli ösdürilýändigini,
soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel we elektrotehnika
önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikleriň ýola goýlandygyny aýtdy.
Ýurdumyzda öndürilýän taýýar
dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär. Öndürilýän dokma
önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta iberilýär. Oba hojalyk
pudagy hem maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň netijesinde eksport
mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan ekologik taýdan arassa
azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz
ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny
peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy
telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary
üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini
nygtady. “Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek
hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde
amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa
geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we
hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar” diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli,
oýlanyşykly, anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýandygyny, şeýle çäreleriň
yzygiderli esasda ýurdumyzda we Gruziýada geçiriljekdiginden ugur alýandygyny
nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary, peýdaly ideýalary,
tejribeleri alyşmagy arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy
uly üns bilen diňlenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde
Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň
gazananlarynyň bu giň gerimli gözden geçirilişi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny
pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmaga güýçli itergi
bermäge gönükdirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň çäklerinde guraldy.
Bu möhüm çäräniň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň gatnaşmagy
onuň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.
Döwlet we hökümet Baştutanlary
sergi pawilýonlaryna bilelikde aýlanyp, türkmen ykdysadyýetiniň köpugurly
kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergä bolan ýokary gyzyklanma taraplaryň
netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iş
ýüzünde durmuşa geçirmäge özara taýýardyklarynyň aýdyň beýanydyr.
«Ekspo Georgia» meýdançasynda
ýurdumyzyň esasy ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda
Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we
binagärlik, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrlikleri öz
pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň bu çärä işjeň gatnaşmagy olaryň Gruziýanyň we tutuş
Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga doly taýýardyklaryny görkezýär.
Sergi eksponatlary ýurdumyzyň
senagatlaşma depgininiň ýokary derejesini, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak
boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.
Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de giň
halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary ykdysady syýasatyň rowaçlyklara
beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tbilisidäki giň gerimli çäre diňe bir
Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini dabaralandyrmak bilen çäklenmän,
eýsem, täze özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak, bilelikdäki kärhanalary
döretmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin berk binýady döretdi.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra,
Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň Premýer-ministriniň adyndan
resmi kabul edişlik guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.
tdh.gov