22.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan
gatnaşyklary iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we
ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk
derejesini görkezýär. Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän
ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Söwda-ykdysady,
energetika hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy binýady bolup çykyş edýär.
Iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy
dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin
taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Ulag-logistika ulgamy aýratyn
geoykdysady ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Azerbaýjan halkara ulag
geçelgeleriniň möhüm halkalary bolup çykyş edýärler. Türkmenbaşy Halkara deňiz
portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümleri
Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleri üstaşyr geçirmekde iň netijeli ýollary
üpjün edip, Hazar sebitini kuwwatly logistika merkezine öwürýär. Soňky wagtda
Azerbaýjanyň sebitara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy esasynda ikitaraplaýyn
gatnaşyklar täze geosyýasy derejä çykaryldy. Ýurtlarymyz “Türkmenistan —
Azerbaýjan — Türkiýe”, “Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan” formatlarynyň,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. 2026-njy ýylda
Türkmenistanyň bu giňeldilen formatdaky konsultatiw duşuşykda başlyklyk etmegi
ýurdumyzyň möhüm dialog meýdançasy hökmündäki derejesini has-da berkidýär.
Türkmenistan — Azerbaýjan —
Özbegistan üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde sebitara hyzmatdaşlyga-da
kuwwatly itergi berildi. Gatnaşyklaryň bu ugry Awazada geçirilen ýokary
derejeli duşuşyklarda resmi taýdan berkidildi. Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk bitewi
ulag-logistika ulgamyny döretmäge, üç doganlyk döwletiň üstaşyr kuwwatyny
birleşdirýän senagat kooperasiýasyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Medeni-ynsanperwer ulgam
türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Yzygiderli
geçirilýän özara Medeniýet günleri, döredijilik wekilleriniň arasyndaky
gatnaşyklar umumy mirasy gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga mümkinçilik
berýär. Arkadag we Fizuli şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola
goýulmagy, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine iki döwletiň dostlugyny
has-da berkitjek başlangyçlar, giň gerimli bilelikdäki taslamalar ruhy
ýakynlygyň aýdyň nyşanydyr.
...Birnäçe wagtdan hormatly
Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň
Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen
ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde
döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa menzilinde Arkadagly
Gahryman Serdarymyz bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik
boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň wekili döwlet Baştutanymyzyň saparynyň
dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ähmiýetini belläp, olaryň
netijeleriniň däp bolan dostlukly döwletara dialogy hil taýdan täze derejä
çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu
gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
bildirilen myhmansöýerlik üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlygyny beýan edip,
Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet
berýändigini aýtdy.
Howa menzilinden döwlet
Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Zagulba” köşgüne ugrady. Bu ýerde hormatly
Prezidentimizi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli
garşylady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentini
resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we
Ilham Aliýew ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi
dabaraly hasabat berýär.
Iki ýurduň Döwlet senalary
ýaňlanýar. Harby orkestriň saz çalmagynda Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly
ýöriş bilen geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň resmi
wekiliýetiniň, dostlukly ýurduň Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň
agzalary bilen tanyşdyryldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi
surata düşmek dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew belent
mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Azerbaýjana
sapar bilen gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu
gezekki saparynyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny hil
taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan
Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen
wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki
wagtda türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini
belledi hem-de şu gezekki saparynyň hem ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary
derejedäki yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy
şerti bolup durýandygyny nygtap, geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana iki gezek sapar bilen gelendigini, şeýle-de Prezident
Ilham Aliýewiň Türkmenistana sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan
peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Prezident Ilham Aliýewe
iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak
boýunça edýän şahsy tagallalary we aýratyn ünsi üçin Prezident Ilham Aliýewe
minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly ýurduň Lideri, öz
gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip,
azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli
Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi. Soňra gepleşikler iki ýurduň
wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Prezident Ilham Aliýew hormatly
Prezidentimizi ýene-de bir gezek mübärekläp, Azerbaýjana döwlet sapary bilen
gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu sapara
Azerbaýjanda örän uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, onuň ýurtlarymyzyň
arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam
bildirdi. “Siziň Azerbaýjana şeýle wekilçilikli düzüm bilen gelendigiňize örän
şatdyryn” diýip, dostlukly ýurduň döwlet Baştutany aýtdy we iki ýurduň
wekiliýet agzalarynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn
duşuşyklary geçirjekdiklerini belledi.
Ilham Aliýew şu günki gol
çekiljek resminamalaryň wajyp ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp,
Gahryman Arkadagymyza Fizuli şäherinde sowgat hökmünde metjit gurmak baradaky
çözgüdi üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Türki Döwletleriň
Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäklerinde bu metjidiň düýbi
tutuldy. Bu baradaky çözgüt bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň
tomsunda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edildi. Munuň özi
ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ýene bir güwäsidir.
Dostlukly ýurduň Prezidenti
ikitaraplaýyn gün tertibiniň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz
içine alýandygyny aýdyp, Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleriniň
çäklerinde Azerbaýjanyň döredijilik toparlaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin
türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol geçen ýyl Azerbaýjanda Türkmenistanyň
Medeniýet günleriniň geçirilendigini belledi we ynsanperwer ulgamdaky şeýle
hyzmatdaşlygyň umumy taryhy bolan halklarymyzyň gatnaşyklarynyň möhüm şerti
bolup durýandygyny nygtady.
Ilham Aliýew ählumumy gün
tertibiniň ulag, energetika howpsuzlygy ýaly möhüm meseleleri barada aýdyp,
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki başlangyçlaryň çäklerinde sebitde,
şeýle hem dünýäde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi we türkmen wekiliýetini
azerbaýjan topragynda ýene-de bir gezek mübärekledi.
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan
Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik
üçin Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan
bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.
Ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli
ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýar. “Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň
Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek sapar amala aşyrandygyny bellemek
isleýärin. Şeýle hem geçen ýyl Siziň Türkmenistana saparyňyz boldy” diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň
halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny
belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasat ugruny, parahatçylygy
üpjün etmäge, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen halkara
başlangyçlaryny goldaýandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
“Öz gezeginde, Türkmenistan hem
Azerbaýjan Respublikasynyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar. Hazar
deňzindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, biz 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hazarýaka döwletleriň
ýokary derejeli duşuşygyny geçirmegi teklip etdik” diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy
ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ulgamda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň
durnukly ösüş depginini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň bu ugurdaky
uly mümkinçiliklerine ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny
tassyklap, Türkmenistanyň ýurdumyzdan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik
energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriniň bardygyny, häzirki wagtda Hazar
deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik
stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Üstaşyr ulag ulgamyndaky
gatnaşyklar biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan
halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aziýanyň hem-de
Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, olar halkara ulag
geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga ukyplydyrlar. Owganystan —
Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi üstünlikli
hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.
“Ýurtlarymyz Türkmenistan —
Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça Hazar deňzi — Gara deňiz ulag
geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlary goldaýarlar. Hazar we Gara deňiz
sebitleriniň baglanyşdyrylmagy ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny
ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam etdi we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek
maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan
toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we dokma senagatlarynda, beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky
medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem aýratyn ähmiýetini belledi.
Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda özara Medeniýet günleriniň,
sergileriň, festiwallaryň, beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi
ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Geçen
ýylyň oktýabrynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri,
şu ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde
Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki
wagtda möhüm ruhy taslamanyň — Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň amala
aşyrylýandygyny aýdyp, metjidi gurmak başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidigini, bu taslamanyň halklarymyzyň
dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljekdigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň
arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr
boljakdygyna ynam bildirip, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk,
rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.
Soňra iki ýurduň Prezidentleri
Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň
gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Ilki bilen, bu ýerde döwlet
Baştutanlaryna “Dostluk” nebit tankeri barada giňişleýin maglumat berildi.
Soňra Azerbaýjanyň wekili döwlet
Baştutanlaryndan gämini işe girizmäge ak pata bermeklerini haýyş etdi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýew ýörite düwmä basýarlar. Soňra monitor arkaly tankeriň
ýüzüşe goýberilişi görkezildi. Prezident Ilham Aliýew dabaraly ýagdaýda döwlet
Baştutanymyza tankeriň degişli şahadatnamasyny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz dostlugyň
nyşany hökmünde Türkmenistana sowgat berlen “Dostluk” nebit tankeri üçin
minnetdarlyk bildirip, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklaryň nyşany we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik
hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň mysaly hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.
Soňra iki ýurduň döwlet
Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de
ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.
Alşylan resminamalaryň hatarynda
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara söwdada
harytlaryň geçirilmegi babatda maglumat alyşmagyň Tehniki şertleri;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet
gümrük komitetiniň arasynda özara söwdanyň gümrük statistikasy çygrynda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport
ministrliginiň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrliginiň arasynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş
ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
iýmit howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat babatda
hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Türkmenistanyň
Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika
babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk
ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň
arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy
ugurlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026 — 2029-njy
ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama bar.
Soňra dabaraly ýagdaýda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada
taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini
belläp, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça
işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra iki ýurduň döwlet
Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident Ilham Aliýew çakylygy
kabul edip, Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de
bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu gün ikiçäk we giňeldilen düzümde
gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň köp
meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, özara gatnaşyklary ösdürmegiň
geljekki ýollarynyň kesgitlenilendigini aýtdy.
Dostlukly ýurduň Lideri
azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň umumy taryha, medeni-ruhy gymmatlyklara
esaslanýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň iýulynda
Azerbaýjana amala aşyran saparynyň dowamynda Fizuli şäherinde metjit gurmak
başlangyjyny öňe sürendigini we häzirki wagtda onuň gurluşygynyň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň we türkmen
halkynyň Azerbaýjana bolan tüýs ýürekden dostlukly garaýşynyň nobatdaky
beýanydyr.
Prezident Ilham Aliýew
medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, iki ýurduň döredijilik
toparlarynyň çykyşlarynyň yzygiderli guralýandygyny, ýaňy-ýakynda Aşgabat we
Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, geçen
ýyl bolsa Türkmenistanyň medeniýet, sungat işgärleriniň Baku we Genje
şäherlerinde Medeniýet günleri bilen saparda bolandyklaryny belledi. Şeýle-de
ol Baku we Aşgabat şäherleriniň hut Arkadag hem-de Fizuli şäherleri ýaly
doganlaşan şäherlerdigini aýdyp, olaryň ählisiniň iki halkyň jebisliginiň, iki
dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga we çuňlaşdyrmaga
çalyşýandygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.
Çykyşynyň dowamynda Prezident
Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilmegini işjeň goldandygy
üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň
dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem
seredildi. Bu ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin we
strategik häsiýete eýedir. Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň we
Azerbaýjanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan döwletlerdigini
aýdyp, şu nukdaýnazardan, iki ýurduň hem energetika ulgamynda tagallalary
birleşdirip, hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini nygtady.
Ilham Aliýew Azerbaýjanda
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden
guwanylýandygyny, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň hemişe goldanylýandygyny we
mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi ýene-de bir
gezek mübärekledi hem-de Gahryman Arkadagymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy
arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, ilki bilen,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe bildirilen myhmansöýerlik
hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi
we şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň,
olary mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny
aýtdy.
“Gepleşiklerde iki döwletiň
abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyny
mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hazar deňzinde bäştaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary dowam etdiriler” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň
meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny, energetika, ulag, himiýa,
dokma senagaty we beýleki birnäçe ulgamlaryň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda
bellenilendigini nygtady.
“Biz ýurtlarymyzyň çäklerinden
Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça
ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdyk. Gepleşikleriň barşynda ýurtlarymyzyň
arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Iki
ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da
giňeltmäge, her ýylda özara Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygymyzy
tassykladyk. Biziň wekiliýetimiz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha
berýär. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol
çekildi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk
ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we
olaryň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine doly laýyk gelýär” diýip,
hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly
şahsy hyzmatlaryny belläp, Prezident Ilham Aliýewe munuň üçin minnetdarlygyny
bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz «Dostluk»
nebit tankeri üçin aýratyn sagbolsun aýdyp, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň
arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edilýändigini nygtady
hem-de bu tankeriň ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine,
abadançylygyna hyzmat etjekdigine hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy
boljakdygyna berk ynam bildirdi.
“Türkmenistan Azerbaýjan
Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň
ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlara uzap gidýän hoşniýetli goňşuçylyk
däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy
baglanyşdyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Azerbaýjanyň ösüşiň we
abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de doganlyk
azerbaýjan halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de
gülläp ösüş arzuw etdi.
Azerbaýjan Respublikasyna döwlet
saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýeňiş” ýadygärlikler
toplumyna bardy we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül
desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny
pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus
däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri
bolan Hormat meýdançasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň görnükli
döwlet we syýasy işgäri Geýdar Aliýewi hatyralap, onuň guburyna gül desselerini
goýdy.
Geýdar Aliýewiň Türkmenistanda
iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de
pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýandygyny
bellemek gerek. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham
Aliýewiň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.
Hormatly Prezidentimiziň
Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.
tdh.gov