26.05.2026
2026-nji ýylyň 25-nji maýynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
ýolbaşçysy bilen Italiýa Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda şu ýylyň
4-6-njy iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy.
Golaýda geçiriljek halkara sergi-ýarmarkasy
türkmen we italiýan kompaniýalarynyň
arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.
Türkmenistan
we Italiýa dokma senagatynda hyzmatdaşlygyny barha işjeňlendirýär. Duşuşykda taraplar Hormatly Prezidentimiziň
2025-nji ýylda Rimde geçirilen
Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda eden çykyşynda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk
barada “Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini
diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň
görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz
anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli
işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr...» diýip aýdanlaryndan ugur alyp, özara
pikir alyşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar yzygiderli işewür
gatnaşyklar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem öňde
boljak «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň netijeli
geçjekdigine hem-de onuň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin itergi
berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.