27.02.2026
“Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň gerimli
işler alnyp barylýar.
2026-njy ýylyň
26-njy fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistan
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň
dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara haryt dolanyşygyny
artdyrmak, maýa goýum işjeňligini giňeltmek, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary
işjeňleşdirmek, şeýle hem halkara forumlara we sergi-ýarmarkalara gatnaşmak
meselelerine aýratyn üns berildi.
Bellenilişi
ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklary gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk
we özara hormat ýörelgelerine esaslanýar. Duşuşyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
gerimini giňeltmäge gönükdirilen möhüm ädim bolup, iki ýurduň arasyndaky
ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga täze itergi berdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.