03.11.2026
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda
Aşgabat şäherinde geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we
energetika pudaklaryny ösdürmek” atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi
Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan köpugurly
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň
mümkinçilikleri hem-de geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar
iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, işewür toparlaryň
arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmakda we özara bähbitli taslamalary durmuşa
geçirmekde halkara sergileriň, maslahatlaryň hem-de işewürlik forumlarynyň
möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň
bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 6 – 7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde Hytaýyň
9-njy halkara import sergisiniň çäklerinde geçiriljek türkmen-hytaý işewürlik
forumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Forumyň iki ýurduň işewür
toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, maýa goýum mümkinçiliklerini
giňeltmek hem-de özara bähbitli başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm meýdança
boljakdygy bellenildi.
Duşuşygyň
dowamynda gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy
ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak hem-de ykdysady
gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak meseleleri hem ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Türkmenistan
bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli
gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak bilen, iki
ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine giň ýol
açýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.