Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler

27.10.2026
15

       Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan türkmen-hytaý işewürlik forumy 2026-njy ýylyň 6 – 7-nji noýabrynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, Hytaýyň 9-njy Halkara import sergisiniň (CIIE) çäklerinde geçiriler.

         Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Şanhaýyň Halkara söwdany ösdürmek boýunça geňeşi (CPIT Shanghai) tarapyndan, “TMT Consulting Group” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralýar. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleriniň we işewür toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

         Forumyň esasy maksady ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, senagat, oba hojalygy, döwrebap tehnologiýalar, sanlylaşdyrma, ulag-logistika we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynda täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

         Çäräniň çäklerinde türkmen we hytaý işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de G2G, B2G we B2B görnüşindäki duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýär. Şeýle hem gatnaşyjylara Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we önümçilik desgalarynyň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

         Bu forum iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga we geljegi uly bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm halkara meýdançadyr. Ol Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak we halkara işewür hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek boýunça alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň