Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ─ 2026» atly halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel ─ 2026» atly halkara sergisi dowam edýär

25.11.2026
36

Düýn öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ─ 2026» atly halkara maslahatyna we sergisine hem-de «Türkmentel ─ 2026» atly halkara sergisine dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan 30-dan gowrak kompaniýalar gatnaşýar.

Bu iri çärelere gatnaşýan myhmanlara 70-den gowrak sergi ekspozisiýalarynyň üsti bilen  aragatnaşyk ulgamyny hem-de telekommunikasiýalar tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan täze taslamalar hödürlenilýär.

Halkara maslahatdaky çykyşlarda bolsa, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly ugurlar boýunça pikirler orta atylýar.

         Şeýle hem çäreleriň dowamynda ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny hem-de telekommunikasiýalar tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan täze taslamalar bilen hem  tanyşmaga mümkinçilik döredilýär.

 

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                       Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň