Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini üstünlikli tamamlady. Üç günläp dowam eden köpugurly gözden geçiriliş halk hojalygynyň ähli ugurlarynda soňky ýyllarda gazanylan ösüş-özgertmeleri aýdyň şöhlelendirdi. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy pudaklarynda önümçilik, harytlar we hyzmatlar boýunça iş alyp barýan edara-kärhanalar gatnaşdylar. Sergide, aýratyn-da, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýola goýlan täze önümçiliklere hem-de hyzmatlara uly ähmiýet berildi. Ajaýyp mukamlaryň astynda milli lybaslaryň görkezilişi bolsa bu ýere gelenlere ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.
Sergi zalynda
ýaýbaňlandyrylan önümlerdir hyzmatlary synlanyňda, ýurdumyzyň döwlet
düzümleriniň hem-de telekeçilerimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk
şanly baýramyna zähmet sowgatlary bilen gelendiklerini görmek bolýar. Bu gözden
geçirilişe ýurduň ykdysady innowasiýalarynyň sergisi diýip hem bolar.
Pawilýonlara aýlanan mahalyň ilkinji duýulýan täsir, şeýle sergileriň ýylyň
dowamynda yzygiderli geçirilýändigine garamazdan, olarda täzeçillikleriň
bolmagydyr. Täze önümler ýa harytlar ýerli senagatyň, hyzmatlar pudagynyň her
günde ösüp-özgerýändigini äşgär edýär. Onsoňam, bu ýere her gezek geleniňde,
azyndan 2-3 sany täze kärhananyň pawilýonyny görmek bolýar. Türkmen bazarynyň
gerimi barha giňeýär, sergi işiniň ilerledilmegi bilen bolsa bu kärhanalaryň
ümzügi dünýä bazaryna tarap.
Ýurdumyzda sergileriň
ýylyň-ýylyna geçirilmegi, ilkinji nobatda, ýerli edara-kärhanalaryň özara we
daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyny, dowam
etdirilýän gatnaşyklary täze ugurlar boýunça giňeltmegi maksat edinýär.
Aslynda, türkmen önümleri dünýä bazarynda eýýäm ymykly orun alyp, hil-nyrh
gatnaşygy boýunça uly islegden peýdalanýar. Şonuň üçin-de ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmak üçin senagat önümçiligini artdyrmak bilen gyradeňlikde
ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak hem zerur. Hut şu ugurdaky maksatlary
tizden-tiz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz senagatyň
dürli ugurlar boýunça hem-de ýurduň ähli sebitlerinde işjeň ösdürilmelidigini,
söwdany dünýä tejribesinden ugur alyp ýola salmak üçin elektron söwdany
kämilleşdirmelidigini nygtaýar. Bu ugurdaky mümkinçiliklerimiz tapgyrma-tapgyr
amal edilýär. Sebäbi ýurtda döwrebap senagat infrastrukturasy, amatly geografik
ýerleşiş, baý tejribä eýe bolan ulag-logistika düzümi we beýleki şertleriň
ählisi bar. Şunda sanly ykdysadyýete geçmek konsepsiýasy hem ösen ýurtlara
eýerilip, üstünlikli dowam etdirilýär.
Köp adamly sergi zalynda,
ilki bilen, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň pawilýony ünsümizi çekdi. Onda
hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlenine ýaňy birnäçe
gün bolan çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhanada taýýarlanylan gaplar hem
köpçülige tanyşdyrylýar. Bu önümhana ýurdumyzda milli ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek
syýasatynyň ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Aýna önümleriniň ýerli çig
malyň esasynda öndürilmegi bolsa wagty tygşytlamakda, tebigy baýlyklarymyzdan
ýerlikli peýdalanmakda örän ähmiýetlidir.
Täze önümleriň hili,
aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň marketing
şertnamalary we maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni Mekan Sopyýew
bilen gürrüňdeş bolduk. Onuň aýtmagyna görä, çüýşe önümlerini öndürýän
önümhananyň döredilmegi, ilki bilen, ozalky bar bolan önümçilik kuwwatyny
görnetin artdyryp, aýnadan öndürilýän köpdürli önümlere bolan zerurlygyň örän
gysga wagtda we artykmaç çykdajysyz üpjün edilmegine ýardam edýär. Ol kärhanada
aýnadan taýýarlanylýan önümleriň ekologiýa taýdan saglyga zyýansyzdygyny, dürli
maksatlar üçin ulanmakda amatlydygyny aýdýar. Olaryň durulygy, berkligi,
şeýle-de himiki täsirlere durnuklylygy önümçilikde we hyzmatlar pudagynda aýna
önümlerine bolan islegiň barha artmagyna esas berýär.
Häzirki zaman tehnologik
enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň döwrebap
önümçilik desgalarynda täze innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýä
standartlaryna doly laýyk gelýän «Float» aýnasynyň we dürli görnüşli çüýşe
gaplarynyň önümçiligi depginli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň ykdysady
üstünlikleriniň sergisiniň köpugurly bolmagy ony dürli öwüşginlere besledi. Bu
ýerde guralan pawilýonlarda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn
düzümleriniň alyp barýan işleriniň şu günki ýeten derejesi, täzeçillikleri
esasy orny eýeleýär. Dokma pudagyna degişli Türkmenbaşy jins toplumynyň,
Aşgabadyň panbarhat fabriginiň, şeýle hem beýleki dokma toplumlarynda
öndürilýän «Gala», «Miras», «Jeýtun», «Nusaý», «Bürgüt» haryt nyşanly nah,
ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň ýerleşdirilen pawilýonlary bu
pudagyň ýylsaýyn ösüşiniň aýdyň nyşany bolup, serginiň myhmanlarynyň ünsüni
çekdi. Esasy ugurlaryň hatarynda gurluşykda we gurluşyk harytlarynyň
önümçiliginde soňky ýyllarda ýetilen belent sepgitleri «Ojar Aziýa», «Nur bina
gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk», «Ak bulut», «Ak gaýa», «Şanly bedew» ýaly
kärhanalaryň hyzmatlarynyň we önümleriniň mysalynda aýdyň görmek bolýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalarynda ulanylýan
çig malyň ýerli önümçilikler tarapyndan üpjün edilýändigini bellemek gerek.
Ýeri gelende, ýerli gurluşyk önümleriniň eksporta gidýändigini hem
aýtmalydyrys.
Ýokarda hem belleýşimiz
ýaly, sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek diňe bir söwdada däl-de,
ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda täze gözýetimleri açýar. Bu konsepsiýa boýunça
ygtyýarly edara bolan Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan sanly özgertmeler
yzygiderli amala aşyrylýar. Sanly hyzmatlaryň adaty durmuş zerurlygyna öwrülen
häzirki döwründe bu ugurda öňde nähili meýilnamalaryň we wezipeleriň bardygy
barada Aragatnaşyk ministrliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň
hünärmeni Maksat Goşjanowdan gyzyklandyk.
— Häzirki wagtda milli aragatnaşygy, telefon we internet ulgamlaryny
kämilleşdirmek, elektron resminama dolanyşygyny giňden ornaşdyrmak bilen bagly
birnäçe taslamalar alnyp barylýar. Olaryň hatarynda döwlet hyzmatlaryny ýerine
ýetirmekde edaralaryň maglumat ulgamy hökmünde «Elektron hökümeti» döretmek
bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi
bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda
«Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamynyň ornaşdyrylmagyna
ýardam bermek hakynda» taslama resminamasy baglaşyldy. Onuň esasynda pudagara
elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de bu ulgamlara
başlangyç tapgyrda 10 sany pudak edarasyny birikdirmek, şeýle hem hünärmenleri
taýýarlamak, halkara tejribäni öwrenmek we işleri netijeli guramak
meýilleşdirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, resminamalar islendik
wagt elýeterli bolup, olary tiz alyşmak mümkin we ýeňil bolar — diýip,
M.Goşjanow ykdysadyýetiň ähli pudaklaýyn düzümlerini gurşap aljak «Elektron
hökümet» taslamasynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Dogrudan-da, bu
hyzmatlar ähli düzümleriň arasynda wagt zerurlygyny aradan aýyrjak çeýe
aragatnaşygy döreder.
Köpugurly serginiň özboluşly ugruny hususy pudagyň hödürleýän täze önümleri
düzýär. Aslynda, sergi diýmegiň özi hem täzeçillik, ýagny täze önümçilikler, innowasiýalar
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýerde ýerli azyk bazarynda bäsdeşlik
esasynda biri-birinden ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge çemeleşýän
«Hasar», «Täze Aý», «Ýüpekçi», «Parahat», «Tomus», «Bars» ýaly hususy
kärhanalar täze önümleri bilen myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldular.
Olaryň hatarynda, aýratyn-da «Täze Aý» hojalyk jemgyýetiniň pawilýony köp
adamly boldy. Nobatdaky sergä täze önümleri bilen gatnaşýan kärhananyň bezeg
bölüminiň müdiri Kakadurdy Jumalyýew «Täze Aýyň» alyp barýan işleri barada
gürrüň berdi.
— «Täze Aý» Garaşsyzlyk ýyllary içinde köpugurly önümçilige eýe boldy. Bu
günki günde kärhanamyzyň ähli düzümlerinde umumylykda 400-den gowrak haryt
nyşanly önüm öndürilýär. Her günde öndürilýän önümleriň möçberi 200 tonna
golaýlaýar. Olar gündelik 18 müň töweregi söwda nokadyna paýlanylýar.
Kärhanamyzyň eksport mümkinçilikleri özbaşyna ilerledilýän ugur bolup, dürli
görnüşli önümlerimiz 15 ýurda eksport edilýär.
Sergä täze önümlerimizi hem getirdik. Indi bazara
çykyp ugran «Talyp» we «Büzmeýin» haryt nyşanly şöhlatlarymyz, «Hinkali» taýýar
nahar önümimiz daşary ýurtlaryň tejribesi esasynda we alyjylaryň isleginden
ugur alnyp öndürilip başlandy. Alyjylaryň berýän bahasyna, olaryň isleglerini
öwrenmäge, sarp edýän önümleriniň möçberini her günde seljerip durmaga uly
ähmiýet berýäris. Täzeçillik — «Täze Aýyň» esasy ýörelgesi — diýip, K.Jumalyýew
nygtaýar. Köpugurly önümçilik düzümine eýe bolan kärhana bu gün GDA ýurtlarynyň
tas ählisine, şeýle hem beýleki birnäçe döwlete önümlerini paýlaýar. Bu bolsa
«Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçilere döredip berýän şertlerinden
peýdalanyp, türkmen telekeçileriniň içerki bazary zerur önümler bilen üpjün edýändikleriniň,
halkara söwdany ösdürmäge goşant goşýandyklarynyň güwäsidir.
Serginiň jemleýji
gününde oňa gatnaşyjylara diplom gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem gözden
geçirilişde innowasion özgertmelerini tanyşdyran edara-kärhanalaryň we beýleki
pudaklaýyn düzümleriň wekilleri serginiň ýokary guramaçylykly geçirilmeginde
döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
* * *
Ýurdumyzda geçirilýän edil beýleki sergiler ýaly,
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady
üstünlikleriniň sergisi hem gazanylýan üstünlikleri, täze özgertmeleri halk
köpçüligine we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly wekillere tanyşdyrmakda, täze
gatnaşyklary ýola goýmakda, eksport-import amallaryny netijeli ösdürmekde möhüm
ähmiýete eýe. Esasy bellemeli zat, senagat önümçiliginiň depginli ösüşiniň
hereketlendiriji güýji bolan sergi işi häzirki döwrüň ösen talaplaryndan ugur
alyp, barha kuwwatlanýan döwletimiziň ykdysady pudaklarynyň mümkinçilikleriniň
artmagyna uly täsir edýär.
Annaguly IŞANGULYÝEW.
Çeşme:
“Türkmenistan” gazeti
2025-nji ýylyň 21-nji sentýabry