Makalalar
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Jemgyýetçilik ähmiýetli üç gymmatlyk paýtagtymyzda geçirilen iri sergide giňden şöhlelendirildi

13.10.2025
31
Card image cap

 Her ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat nobatdaky gezek has-da giň gerime eýe boldy. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hemmetaraplaýyn şöhlelendirilip, olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetine, innowasion özgertmelere uly orun berildi. Bu ugurlarda täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesini özleşdirmek, ökde hünärmenleri taýýarlamak babatda täzeçe halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ösdürmek forumyň esasy aýratynlygy boldy. Halkara sergi we ylmy maslahat degişli ulgamlarda dünýä standartlaryna yzygiderli eýerýän Türkmenistanyň maddy-enjamlaýyn we tejribe kuwwatynyň ýeterlikdigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

 

Ösen lukmançylyk infrastrukturasy

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 30 ýyl boldy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda uly baýramçylykdyr. Hut şonuň üçinem ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär baýramy giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçildi. Bu güne gabatlanyp, paýtagtymyzda, Ahal, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynda täze saglyk desgalarynyň düýbüni tutmak we açylyş dabaralary hem geçirildi. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat şanly sene mynasybetli dabaralaryň esasy bölegine öwrüldi.

Saglygy goraýyşda, lukmançylyk pudagynda ýetilen sepgitler forumda esasy orny eýeleýär. Munuň özi forumyň diňe bir bu ulgamyň hünär baýramyna gabat gelýändigi üçin hem däl-de, eýsem, ynsan saglygyny goramakda ýurdumyzyň kuwwatly infrastruktura eýe bolmagy bilen hem baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli saglygy goraýyş ulgamy köpugurly esasda ösdürilýär. Halkara derejeli hassahanalardyr ylmy-kliniki merkezler, döwrebap bejeriş hyzmatlaryny ýetirýän saglyk öýleridir şypahanalar barmak büküp sanardan köp. Sergide bu düzümleriň ählisiniň hyzmatlary barada gürrüň berýän diwarlyklar ýerleşdirildi.

Halkara sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň hem köp sanlysy öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrdylar. Olar saglygy goraýyş ulgamynda, derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň hem-de saglyk maksatly beýleki önümleriň önümçiliginde iş alyp barýan kompaniýalara wekilçilik edýärler. Sergä gatnaşan Russiýanyň «Metiz ltd.» kompaniýasynyň hünärmeni Ýelena Şubina bilen söhbetdeş bolduk. Ol kompaniýanyň alyp barýan işi, serginiň geçişi barada beren sowallarymyza şeýle jogap berdi:

— Dünýä ýurtlarynyň köpüsinden lukmançylyk pudagynda işleýän wekilleri bir ýere jemlän bu halkara sergi bize öz önümlerimizi tanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Türkmenistan 40 sany hyzmatdaş ýurdumyzyň içinde saglygy goraýyş ulgamyny iň depginli ösdürýänleriň hatarynda. Eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlygyň dowamynda sargyt esasynda mümkinçiligi wagtlaýyn ýa-da hemişelik çäkli adamlar üçin protez enjamlarynyň düzüm böleklerini üpjün edip gelýäris. Protez önümlerimiziň ekologik taýdan zyýansyzdygyna, berkdigine, ýokary hilliligine türkmen hünärmenleri ýokary baha berýärler. Şu günki sergide bolsa emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan, öwredilýän hereketi ýatda saklaýan protez enjamlarymyzy tanyşdyrýarys. Halkara gözden geçirilişe gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Hökümetine uly minnetdarlyk bildirýäris.

Sergä daşary ýurtlaryň derman serişdelerini öndürýän kärhanalarynyň hem köpüsi gatnaşdy. Olaryň hatarynda Tatarystanyň “Tathimfarmpreparaty” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň tanyşdyrýan önümleri-de köpleriň ünsüni çekýär. Bu paýdarlar jemgyýetiniň daşary ykdysady işler bölüminiň başlygy Wil Mustafin bilen söhbetdeş bolup, ondan hyzmatdaşlyk, zawodyň täze önümleri barada gyzyklandyk.

— Türkmenistan bilen 20 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Şu günki sergi-de gatnaşygymyzy netijeli dowam etdirmek üçin uly mümkinçilik boldy. Bu ýerde biziň 18 sany dermanymyz hasaba alyndy. Önümlerimiziň hili babatda Russiýada öňdäki orunlarda durýandygyny aýtmak isleýärin. Mysal üçin, “Dekspantel” — dekspantenol serişdesi bolan göz geli. Bu dermany dünýäde diňe iki sany kärhana — biz we Germaniýanyň kompaniýasy öndürýär. Bu örän täsirli derman. Häzirki wagtda ony Russiýada işjeň paýlaýarys we GDA ýurtlaryna-da ýaýratmagy meýilleşdirýäris. Şunda bu giň gerimli sergi hem garaşýan netijelerimizi berer — diýip, tatarystanly hünärmen halkara serginiň guramaçylygyna, onuň köp adamly, gyzykly geçişine ýokary baha berdi. Munuň özi diňe bir hyzmatdaş kompaniýalar üçin mümkinçilikleri açmakda däl-de, eýsem, ýurdumyza ýokary hilli önümleri we hyzmatlary çekmek üçinem serginiň örän wajypdygyny görkezýär.

Arkadag şäheriniň saglyk edaralarynyň, önümçilik düzümi — «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diwarlygy hem saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly ösüş ugry bolup, sergi zalyna aýratyn bezeg berdi. Ýeri gelende, geçen aýda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala hem-de degişli diploma mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Ýerli önümçiligiň bu ýokary hilli önümleriniň sergide tanyşdyrylmagy oňa gyzyklanmanyň artmagyna, eksport mümkinçiliklerine ýardam edýär.

Halkara forumda milli saglygy goraýşy maksatnamalaýyn esasda ösdürmegiň ähli ugurlaryna degişli täzeçillikleri görmek bolýar. Bu önümler we hyzmatlar bilen birlikde, milli saglygy goraýşyň strategiýasyny hem öz içine alýar. Milli lukmançylygyň strategiýasynyň esasy aýratynlygy onuň geljegi uly ugurlar boýunça ösdürilýändigi we ösdüriljekdigi bilen baglydyr. Bu babatda türkmen lukmançylygynyň iň netijeli ösüş ugurlary — sanly lukmançylygy ösdürmekden, keselleriň öňüni almakdan, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň dowam etdirmekden, saglyk hyzmatlaryny elýeterli etmekden, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Şuňa milli derman serişdeleriniň önümçiligini hem goşmak bolar. Çünki keselleriň we bejergileriň birnäçe görnüşleri üçin niýetlenen täsirli derman serişdelerini öz ýurdumyzda öndürmek depginli ilerledilýär.

 

Ähli zat bilimden başlanýar

Bilim — ähli rowaçlyklaryň gözbaşy. Hut bilmegiň, düşünmegiň, öwrenmegiň hem-de netijeli pikirleri kemala getirmegiň logikasyndan başlanýan bu düşünje ýaş nesliň il-güne, Watana wepaly, bilimli we başarnykly kemala gelmeginiň esasynda durýar. Onsoň, iň gowy maýa goýum — bilime goýlan maýa goýumdyr diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biri hökmünde milli bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilýär. Çünki bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň geljegini kesgitleýär. Täze hünärleriň ýüze çykmagy bilen, zehinli, işine ökde, başarjaň hünärmenlere bolan zerurlyk ýylsaýyn artýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýokary hünär bilimi köpugurly ilerledilýär. Halkara forum bu ugurdaky gazanylan netijeleri özünde jemleýär.

Sergi zalynda bilim ulgamyna degişli diwarlyklarda innowasion özgertmeler, tehnologik täzeçillikler, sanly bilimde ýetilen sepgitler tanyşdyryldy. Ýaş nesle bilim bermekden başlap, ylmyň dünýäsine çuňňur aralaşyp, täze ylmy açyşlary durmuşa geçirmäge çenli ýoly beýan edýän bu diwarlyklar, halkara ylmy maslahatda öňe sürlen pikirlerdir garaýyşlar özara baglanyşykly bolup, türkmen ykdysadyýetiniň bilim binýadynyň berkdigini äşgär edýär. Bu ýerde Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Belarusuň, Russiýanyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak mümkinçiliklerini hödürleýän diwarlyklarda degişli wekiller bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar türkmen ýaşlarynyň galabasynyň daşary ýurtlarda şu günüň iň zerur hünär ugurlary boýunça okap bilim alýandygyny nygtadylar: IT ulgam, emeli aň tehnologiýalary, biotehnologiýalar we genetika, sanly ykdysadyýet we maliýe tehnologiýalary, robototehnika, lukmançylyk...

Her bir raýaty çagasynyň bilim-terbiýe alyp, ussat hünärmen bolup ýetişmegini durmuşynda iň uly bagt hasaplaýan ýurtda bilim geçmişden gözbaşly ugurlaryň biri. Häzirki döwürde bu gadymy tejribe döwrebap ýörelgeler bilen sazlaşykly dowam etdirilýär. Energetika, ulag, senagat, söwda, ylym-bilim, medeniýet ýaly ulgamlarda ýerli hünärmenlerimiz yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar, ykdysadyýetiň täze hünär ugurlaryny dessin özleşdirýärler. Täze hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň açylyp ulanmaga berilmegi ýokary hünär taýýarlygyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşyp, soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler bilen tanyş etdiler. Türkmen talyplarynyň işläp taýýarlan tehnologik enjamlaryny, robotlaryny, dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini göreniňde, ilki bilen, olaryň ýylsaýyn artýandygy ünsüňi çekse, ýene bir tarapdan, olaryň emeli aň, «akylly» tehnologiýalar, zatlaryň interneti, bulut tehnologiýalary ýaly iň döwrebap we geljegi uly ugurlar boýunça taýýarlanandygy buýsandyrýar. Bu täzeçillikler ykdysadyýetiň geljekki ösüşiniň ylmy, tehniki, tehnologiki esaslaryny emele getirýär.

 

Sport — sagdynlygyň girewi, durmuşyň işjeňligi

Halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýene bir ugry bolan sport ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan üstünlikler bir makalada beýan ederden juda köpdür. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnama» esasynda amal edilýän işler halkara derejeli, professional türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam edýär. Sergi zalynda giňden tanyşdyrylýan sportda gazanylan netijeleriň artýandygyna kuboklardyr medallaryň uzyn hataryna nazar aýlanyňda-da aýdyň göz ýetirýärsiň.

Sport — bu jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin, her birimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn geljegi döretmegimiz üçin zerur gymmatlykdyr. Bu ugurdaky tejribe Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde diňe bir ýurduň ýa sebitiň çäginde däl-de, bütin dünýäde belent abraýa eýe boldy. Türkmenistany sporty goldaýan ýurt hökmünde BMG we beýleki halkara guramalar ykrar edýär. Biziň başlangyçlarymyz dünýäde giňden makullanylýar, biragyzdan kabul edilýär.

Sport we bedenterbiýe ulgamynyň ösüşine baha berlende, milli tejribäniň yzygiderli kämilleşýändigini, ýurdumyzyň halkara ýaryşlaryň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde abraýynyň barha artýandygyny, sport görnüşleriniň özleşdirilýändigini, ösen, dünýä standartlaryna kybap gelýän döwrebap infrastrukturanyň döredilendigini, ýaş olimpiýaçylaryň ýyl-ýyldan has kämil nesliniň kemala gelýändigini, sportuň agyr atletika, söweş sungaty, atçylyk ýaly birnäçe görnüşleri boýunça dünýä derejeli milli mekdepleriň dörändigini aýdyp bolar. Halkara forum şu aýdylanlaryň anyk-aýdyň mysallaryny giňden şöhlelendirdi.

 

***

 

Sergi işinddiňe bir täze önümler ýa-da hyzmatlar tanyşdyrylmaýar. Sergiler — ýetilen sepgitler bilen tanyşmak, ykdysadyýetiň umumy ösüşine nazar aýlamak, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişini seljermek, halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, şeýle-de pikir we tejribe alyşmak üçin hem örän uly ähmiýete eýe bolan meýdançadyr. Ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat munuň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.

 

                                                                 Annaguly IŞANGULYÝEW.

                                                               Çeşme: «Türkmenistan» gazeti. 13.10.2025


Bulary hem okaň