Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýlarynyň toýlanylýan, iri abraýly halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl dolýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäniň nazary Watanymyzda. Häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk, taýýarlyk işleri üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda dost-doganlygyň gülleýän mekanyna öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň döredilmegi-de bu çäräniň dünýä derejesinde ähmiýetiniň uludygyny, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda amala aşyrylýan möhüm işleri doly aýdyňlygy bilen subut edýär.
Arkadagly
Gahryman
Serdarymyzyň
parasatly
baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň şeýledigini «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem tassyklaýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň mekanyna öwrülen Watanymyzda yzygiderli geçirilýän umumadamzat ähmiýetli halkara çäreleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň resmi internet saýtynyň döredilmegi hem, halkara forumyň işini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Bu saýt «www.lldс3.gov.tm» internet salgysy arkaly hemmelere
elýeterlidir.
Üç dilde, ýagny türkmen,
iňlis, rus dillerinde hereket edýän internet saýty göze gelüwli interfeýsi
bilen ulanyjylary özüne çekýär. Onuň dizaýnynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynyň gözel künjekleriniň, ýurdumyzyň ösen ulag insfrastrukturalarynyň
suratlaryndan peýdalanylandygy aýratyn bellärliklidir. Saýtyň «Türkmenistan
barada» atly bölüminde şanly toýlaryna barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli möhüm ugurlary bolan suw, ulag,
energetika diplomatiýasy barada maglumatlaryň getirilmegi juda maksadalaýyk
bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ulag diplomatiýasynyň orny barha
ýokarlanýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýükleriň dürli
görnüşlerini bökdençsiz daşamakda, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmakda ýüzbe-ýüz
bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmekde ulag diplomatiýasynyň möhüm ähmiýeti bar.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi, bu
ugurda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmäge ýardam berýär.
Saýtda BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler barada peýdaly maglumatlaryň birnäçesi hem
ýerleşdirilendir. Şeýle-de onda bu halkara maslahata gatnaşmagyň şertleri, onuň
dowamynda geçiriljek forumlar, sergilerdir birnäçe ugurdaş çäreler barada
giňişleýin beýan edilýär. Döwrebap internet saýty halkara forum bilen bagly
bildirişlerdir täzelikleri dessin ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýeri
gelende bellesek, saýtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň elektron kartasy
hem ýerleşdirilendir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda,
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji
maslahatynyň resmi internet saýtynyň döredilmegi dünýä bähbitli maslahatyň
dowamynda geçiriljek çäreleri halkara giňişligine gyzgyny bilen ýetirmekde,
forumyň dürli ugurlaryny wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Yhlas Hallyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy
hünäriniň talyby. «Esger»
gazeti. 24.05.2025
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/201910