2025-nji ýylyň 31-nji maýynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen
Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini
kabul etdi.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Pakistanda
Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha
berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Pakistan Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň
mähirli salamyny, şeýle-de Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk baradaky
arzuwlaryny ýetirdi.
Saýed
Ýusuf Raza Gilani şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pakistana amala
aşyran saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygyny ýakymly
duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Pakistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly ýurduň Senatynyň Başlygynyň saparynyň
netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge itergi
berjekdigine ynam bildirip, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň
arasyndaky özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan
köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda
üstünlikli ösdürilýär. Ýurtlarymyz birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny
yzygiderli goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden
Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini we şu mynasybetli
ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi
hem-de Saýed Ýusuf Raza Gilanini we Pakistanyň Senatynyň agzalaryny bu çärelere
işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň
ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde parlamentara hyzmatdaşlyk
ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, parlamentara dialog
döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän Parlamentara dostluk toparlary kanun çykaryjylyk
işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri
döredýär.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam
Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilani ýurtlarymyzyň arasyndaky
däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine
mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip,
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
tdh.gov