Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda 3 günläp dowam eden
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli tamamlandy.
Ygtybarly hyzmatdaşlar bilen duşuşmak we täze şertnamalar baglaşmak üçin giň
mümkinçilik döredilen bu halkara çäresi oňa gatnaşan kompaniýalara daşarky maýa
goýumlary üçin açyk bolan türkmen bazarynda orun almaga mümkinçilik berdi.
Iki dostlukly döwletiň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň ýola
goýulmagyna ýardam eden bu halkara sergisiniň çäklerinde özara bähbitli
söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi. Mälim bolşy ýaly, işewürlik
duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özüni
görkezdi. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda
dolanyşygynyň möçberi hem şaýatlyk edýär.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň ahyrynda oňa işjeň
gatnaşyjylara ýörite şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň
ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.