27-nji
dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň uly mejlisler zalynda «Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny» üstünlikli jemlän türkmen ýaşlarynyň uly
toparyny döwlet sylaglary bilen sylaglamak
dabarasy boldy. Belent maksatlary, yhlaslary hem-de erjellikleri netijesinde ata
Watanymyzyň abraýynyň artmagyna, dünýä ýüzünde has-da şöhratlanmagyna öz zähmetleri
bilen mynasyp goşant goşan ýaşlaryň sylaglandyrylan bu dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň
başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň
rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar
hem-de ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.
Dabaranyň
dowamynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işläp, tapawutlanan döwlet
sylaglaryna hem-de Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ýaşlar özlerine döredilýän giň
mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz ─ Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.