Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ykdysadyýetiň döwrebap depgini: Türkmen-Özbek işewürler geňeşiniň Aşgabat duşuşygy

22.06.2026
31

 

    2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-Özbek işewürler geňeşiniň 5-nji mejlisi geçirildi. 

     Iki goňşy döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmak maksady bilen guralan bu möhüm çärä iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň hem-de Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

    Maslahatyň dowamynda taraplar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini has-da artdyrmak we hususy pudagyň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak arkaly sebitlerde hususy pudagyň başlangyçlaryny höweslendirmek ulag-logistika ugurlarynda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak barada anyk pikir alyşmalar boldy.  

    Mejlisde 2026-2027-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara milli sergilerini geçirmegiň meýilnamasy barada anyk tekliplere seredildi.

   Mejlisiň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklary we geljekki meýilnamalary öz içine alýan degişli Teswirnama gol çekip, bu geňeşiň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda örän möhüm guraldygyny aýratyn bellediler.   

    Geçirilen bu mejlis we ikitaraplaýyn göni gepleşikler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik ykdysady hyzmatdaşlygy täze sepgide çykarmakda, iki ýurduň telekeçilik we serhetýaka söwda kuwwatyny doly durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

 

 

                                                          Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                          Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň