PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ýaşlaryň arasynda telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklar işjeňleşdiriler

01.11.2023
Card image cap

Bu barada Söwda-senagat edarasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik maslahatynda aýratyn nygtaldy. Alty ýurduň döwlet düzümleriniň, Ýaşlar guramalarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewürlik assosiasiýalarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça halkara guramalaryň, hususy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşan bu çäräniň dowamynda ýörite ugurlar boýunça 4 sany mejlis geçirildi. Olarda işewür gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny, maliýe serişdelerini, wençur gaznalarynyň işini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns çekildi. 

          Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň otuza golaýy geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, dürli ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň