PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty

01.11.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk  forumynyň çäklerinde Ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi.  Ýigrimä golaý çykyşlar diňlenilen bu giň möçberli çärä Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy sekretariýatynyň ýerine ýetiriji direktory Ri Jon Kuk, Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Jamşit Urakow, Gazagystan Republikasynyň «Atameken» milli telekeçiler palatasynyň başlygynyň orunbasary  Amrin Murat dagy gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Nasimžan Anwarow bolsa bu maslahata onlaýn görnüşinde gatnaşdy.

 Ýaş telekeçileriň işewürlik maslahatyna Özbegistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan hem-de Koreýa Respublikasyndan ellä golaý, türkmen tarapyndan bolsa, ýüzden gowrak adam bu maslahatyň myhmany boldular.

Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň geljekde birek-birek bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamagy üçin oňyn meýdança öwrülen sergi hem oňa gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň