2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň «Global Export Company» JCJ-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Global Export Company» JCJ-niň satyn almaga isleg bildirýän önümi däne, kakadylan miwe önümleri we organik dökünleri bolup durýandygy barada habar berdi. Şeýle hem dünýäniň 45-den gowrak ýurtlaryna eksport edýändiklerini belläp geçdiler. Mundan beýläk hem türkmen işewürler bilen uly möçberde iş alyp barmak isleýändikleri barada aýtdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy