2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagy okaldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna özboluşly şatlyk çaýdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Bu sergi Türkmenistanyň Garaşsyz ösüşiniň 32 ýylynda gazanan durmuş we ykdysady üstünlikleriniň görkezijisidir. Ýurdumyzyň işewür gatnaşyklaryny we içerki önümlerini mahabatlandyrmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat edýän bu giň möçberli çäre myhmanlara Türkmenistanda bolup geçýän özgerişler bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy