Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumyna işjeň gatnaşdy

16.05.2026
37

   Ýakynda badalga alan  «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti hem  gatnaşdy.  Halkara forum işjeň dowam edip, giň möçberde gepleşikler geçirildi.

   Bu çäre ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini, halal önümler pudagyndaky üstünliklerini görkezmek, işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek, şeýle hem halal önümler bazarynyň täzelikleri  bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

    «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň  15-nji maýda geçirilen “Kartadaky nokatlardan ösüş nokatlaryna çenli: tehniki we ykdysady başlangyçlary birleşdirýär” atly plenar sessiýasyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  ýolbaşçysy gatnaşdy.

    Türkmenistanyň bu çärä  gatnaşmagy Russiýa bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle hem dünýäniň halal önümler bazaryndaky ornuny berkitmäge, ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilikleri  artdyrar.

                                                                               Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                    Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň