PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ýygnagy geçirildi

22.12.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ýygnagy geçirildi. Pudagara iş toparynyň gün tertibine «Türkmenistanda öndürilen»  milli nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Türkmenistanda öndürilen»  milli nyşanyň şekilini saýlap almak we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna  hödürlemek ýaly meseleler girizildi.

Ýygnagyň dowamynda «Türkmenistanda öndürilen»  milli haryt nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasy hem-de     «Türkmenistanda öndürilen»  milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşige gelip gowşan teklipler boýunça çykyşlar edildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň