PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Merkezi aziýaly we koreýaly işewür hyzmatdaşlar duşuşarlar

30.10.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýaş telekeçileriň Işewürlik maslahaty, 2-nji noýabrda «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisi hem-de Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 5-nji mejlisi geçiriler.

Ulag we logistika, saglygy goraýyş we lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy, bilim we ylym, syýahatçylyk ugurlaryny öz içine almagy göz öňünde tutulýan bu foruma gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan hem-de Koreýa Respublikasyndan işewürleriň gelmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň