Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi we maslahatyň myhmanlaryna gapysyny giňden açdy

25.05.2026
45

    2026-njy ýylyň 24-nji maýynda  Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

    Çäre aýdym-sazly dabara bilen uly şohwuna beslendi.  Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, türkmen we daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

     Gutlagda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk babatda başyny başlan giň gerimli başlangyçlary netijesinde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat häzirki döwürde dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek täze taryhy döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzda we kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynda baş wezipe hökmünde kesgitlenendir.

     Çarýek asyr bäri  her ýyl geçirilýän köpugurly sergi şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlary, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy, medeni üstünlikleri bilen tanyşdyrýan iri çärä öwrüldi.

     Halkara sergi bilen ugurdaş geçirilýän  maslahat paýtagtymyzyň ösüş ugurlaryny görkezmek hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.

     Şeýle hem bu çäre paýtagtymyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň