Mälim bolşy
ýaly, 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda
senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2023» atly
halkara maslahaty we halkara sergisi geçirildi.
27-nji
oktýabrda dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz, energetika ulgamlarynda işleýän
kompaniýalaryň türkmenistanly kärdeşleri bilen pikir alyşmaga, özara
tejribelerini paýlaşmaga hem-de geljekde hyzmatdaşlyklarynyň gerimini
giňeltmäge mümkinçilik döreden bu giň möçberli çäräniň jemi jemlenildi.
Halkara sergisine gatnaşyjylar çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul
etdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.