2023-nji ýylyň
25-27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň
nebiti we gazy ─ 2023» atly halkara maslahaty we halkara sergisi geçiriler.
Bu giň möçberli
çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri çykyş edýär. Bu halkara çäresine döwlet edaralary, milli
kompaniýalar we hususyýetçiler, şeýle hem Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe, Amerikanyň
Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý Halk
Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Beýik Britaniýa, Italiýa, Kipr, Ispaniýa,
Germaniýa, Şweýsariýa, Singapur ýaly döwletlerden daşary ýurt kompaniýalary
gatnaşarlar.
Halkara sergisinde
nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, geologiýa, geofizika we seýsmiki barlaglar,
nebiti we gazy çykarmak, daşamak, gaýtadan işlemek, nebitgaz desgalaryny
guramak babatda öňdebaryjy taslamalar, ulaglar we enjamlar, nebiti we gazy
çykarmakda we gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda işleri awtomatlaşdyrmak,
gözegçilik etmek, ölçemek boýunça sergi diwarlyklary gurnalar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.