PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2023» atly halkara maslahaty we halkara sergisi dowam edýär

26.10.2023
Card image cap

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2023» atly halkara maslahaty we halkara sergisi öz işini dowam edýär.

        Sergi meýdançasyndaky ekranlarda myhmanlara milli nebitgaz senagatynyň ösüşini beýan edýän wideoşekilleriň üsti bilen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga, innowasion-tehnologik enjamlaryň üsti bilen nebit guýusyny burawlamak we tebigy gaz ýataklaryny gözlemek işine gatnaşmaga mümkinçilik döredilendir.

 25-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2023» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Onda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlar we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.

 

           Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň