2023-nji
ýylyň 5-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 6-njy Hytaý
halkara import sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli çärä dünýäniň 154
ýurdyndan we sebitlerden 3400 töweregi kärhana gatnaşýandygy barada Hytaýyň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tassyklaýarlar.
Oba
hojalygy, azyk senagaty, awtoulag gurluşygy, çalgy ýaglar, ätiýaçlyk şaýlar,
himiýa senagaty, dürli internet tehnologiýalar, kompýuter önümçiligi we
üpjünçiligi, dokma senagaty, bezegler, lukmançylyk enjamlary, dermanlyk
serişdeleri, taslamalar, oýlap tapmalar ýaly ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylýan
bu halkara serginiň türkmen tarapyndan utgaşdyryjysy bolup Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
Hytaýyň
6-njy halkara import sergisine ýurdumyzyň Söwda toplumyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň,
Söwda-senagat edarasynyň we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan
wekilçilikli topary gatnaşýarlar.
Bu abraýly,
halkara derejesinde geçirilýän sergä ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň
gatnaşmagy, olaryň öz öndürýän ýokary hilli önümlerini dünýäniň import-eksport
ugrunda iş alyp barýan işewürlerine tanyşdyrmaga, dürli ýurtlar bilen
ykdysady-söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ýakyn gelejekde özara bähbitli gepleşikleri
geçirmäge mümkinçilik berer.
Import harytlarynyň altynjy halkara Hytaý sergisi 10-njy noýabra çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.