30.06.2026
2026-njy ýylyň 27-nji iýunynda
Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň wekilleri bilen Türkiýäniň Söwda-senagat edaralarynyň we
biržalarynyň birleşiginiň başlygynyň orunbasary Ali Kopuzyň arasynda duşuşyk
geçirildi.
Duşuşykda
iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak,
telekeçilik gurşawyny ösdürmek we işewür toparlaryň özara hyzmatdaşlygyny
giňeltmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aýratyn-da,
Türkmenistanyň telekeçileriniň öndürýän önümlerini we maýa goýum
mümkinçiliklerini Türkiýäniň dürli welaýatlarynda tanyşdyrmak maksady bilen
işewürlik saparlaryny guramak, iki ýurduň çäginde geçirilýän halkara forumlara,
sergilere we B2B duşuşyklaryna özara işjeň gatnaşmagy üpjün etmek ugrunda anyk
başlangyçlara garaldy.
Duşuşygyň
netijeleri türkmen-türk işewür gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga, özara
söwda dolanyşygyny artdyrmaga hem-de iki ýurduň telekeçileri üçin täze
hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilen möhüm ädim hökmünde baha
berildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.