26.09.2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň
çäklerinde, 2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Gubernatorynyň
orunbasary – Hökümetiniň başlygy D.A. Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet
bilen duşuşdy.
Duşuşykda
türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegiň hem-de iki ýurduň işewür
toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň
dowamynda şu ýylyň 15-21-nji noýabry aralygynda Astrahan şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilýän telekeçilik boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň
dördünji mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, onuň çäklerinde
ikitaraplaýyn işewür duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmak bilen bagly meseleler barada hem pikir alşyldy.
Taraplar
söwda, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy we telekeçilik ugurlarynda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, işewür gatnaşyklary täze
mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.
Duşuşyk
Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda köpugurly söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.