Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

22.05.2026
37

        2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Ahmed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy söwda we ykdysady ulgamda  ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toparyna garamak göz öňünde tutuldy.

      Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy sözüniň başynda jenap Jassim Mohammed Ahmed Al-Attary täze bellenen wezipesi we 2026-njy ýylyň mart aýynda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň  Aşgabat şäherinde resmi taýdan öz işine başlamagy bilen  gutlap,  uly üstünlikleri arzuw  etdi.

       Duşuşykda taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň  yzygiderli ösdürilýändigini belläp,  ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak  boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de  özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça  geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine seretdiler.      Taraplar sergilerde we forumlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berip,  söwda ulgamynda  iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny hem  ara alyp maslahatlaşdylar.

       TSSE-niň ýolbaşçysy myhmana   sag bolsun aýdyp, yrak  tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge mydama taýýardyklary barada belledi.  Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili iň gowy arzuwlaryň üsti bilen  türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

       Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

 

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                     Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň