16.06.2026
2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Yrak Respublikasynyň Kirkuk şäheriniň
Söwda-senagat edarasynyň başlygy S.al-Salihi bilen sanly ulgam arkaly gepleşik
geçirildi.
Wideoaragatnaşyk arkaly guralan bu çärä Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky
Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili J.al-Attar hem gatnaşdy. Taraplar
ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini
ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy ýurduň dokma, azyk, ýeňil
senagat hem-de deri harytlaryny Yrak bazaryna eksport etmäge taýýardygyny mälim
etdi. Öz gezeginde yrakly wekiller Kirkuk şäheriniň sebitdäki strategik we
senagat ähmiýetine ünsi çekip, geljekde türkmen telekeçilerinden ybarat
wekilçilikli topary öz ýurtlarynda garşylamaga hem-de täze hyzmatdaşlyk
platformalaryny döretmäge isleg bildirdiler.
Şeýle hem yrakly işewürler Aşgabatda
guraljak «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika
pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisine çagyryldy.
Geçirilen gepleşikler Türkmenistan bilen
Yrak Respublikasynyň arasynda özara bähbitlilik we birek-birege hormat goýmak
ýörelgeleri esasynda işewürlik
gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, hususy pudaklaryň mümkinçiliklerini giňeltmek
hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda
strategik ädim boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.