Türkmenistan bilen Türkiýe
Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde,
harytlaryň eksportyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen
işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny
milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara
şäherinde geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahaty täze hyzmatdaşlyklara giň
ýol açar.
Türkiýe
Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň Türkiýäniň
Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilen
Türkmentürk işewürlik maslahatyna gatnaşmagy bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini
has-da artdyrdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň Türkmen-türk işewürler
maslahatynda eden çykyşynda: «Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli
pikirleridir teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge taýýardyrys. Ýurtlarymyzyň,
hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen
çemeleşjekdiklerine ynanýaryn» diýmegi türkmen-türk gatnaşyklarynda täze
sahypany açdy.
Türkmen-türk
işewürler maslahatynda Türkiýe Respublikasynyň Senagat we tehnologiýa ministri
Mehmet Fatih Kajyr, Türkiýäniň Palatalar we Biržalar birleşiginiň başlygy Rifat
Hisarjyklyogly, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri
Abdulkadir Uralogly, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar
komitetiniň Nail Olpak hem-de «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň
dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk dagy çykyş edip, türkmen-türk
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we onuň gerimini giňeltmegiň täze
mümkinçiliklerini aýratyn bellediler.
Şeýle
hem Türkmen-türk işewürler maslahatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň
agzalary bilen Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalarynyň arasynda birnäçe
şertnamalara gol çekilmegi bu giň möçberli çäräniň örän netijeli bolandygyna
aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.