2023-nji ýylyň
25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda
türkmen-saud duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň «Söwda öýi» kärhanasynyň direktory S.Kepbanowyň
ýolbaşçylygynda «Söwda öýi» kärhanasynyň Marketing we bazar öwreniş bölüminiň
baş hünärmeni M.Igdirowa, edaranyň hukuk bölüminiň esasy hünärmeni G.Hojaýewa
dagy wekilçilik etdiler. Saud tarapyndan bolsa, Daşary söwda boýunça Baş
edarasynyň başlygynyň orunbasary: AbdulAziz Al Akyl, Daşary söwda boýunça Baş
edarasynyň müdüri Halid Al Şuaýbi hem-de Saud
Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 3-nji sekretary
Surur Al Sufýani dagy gatnaşdylar .
Türkmen-saud
hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesi gün teribine goýlan bu duşuşykda «Söwda öýi»
kärhanasynyň direktory S.Kepbanow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp
barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak maksady
bilen, ýokary hilli dokma we haly
önümlerini eksport etmegiň mümkinçiliklerini belledi. Şeýle hem Edaranyň
agzalary bolup durýan telekeçilere we kärhanalara goldaw bermekde, olaryň alyp
barýan işleriniň katalogyny elektron görnüşinde hem-de hat üsti bilen ugradyp
bilýändigi barada habar berdi. Türkmen telekeçileriniň Saud Arabystan
Patyşalygynyň bazaryna girmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn aýtdy.
Saud
Arabystany Patyşalygynyň Daşary söwda boýunça Baş edarasynyň başlygynyň
orunbasary AbdulAziz Al Akyl hem öz gezeginde Türkmenistanda öndürilýän
önümlere uly gyzyklanma bildirip, türkmen işewürleriniň işjeň alyp barýan
hyzmatlary bilen içgin tanyşmak maksady bilen, olaryň resmi sahypalaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň öz öndürýän önümleri we alyp barýan işleri
barada kataloglaryna garaşýandygyny aýtdy. Iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygynyň Söwda-senagat kärhanasynyň türkmen
önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrylmagyny maksadalaýyk hasaplaýandygyny
belledi.
Iki dostlukly
döwletiň işewürleriniň hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek,
kämilleşdirmek maksady bilen, hödürlenen teklipleri we bellikleri göz öňünde
tutup, Edaranyň agzalarynyň sanawynyň, olaryň öndürýän önümleriniň we
hyzmatlarynyň kataloglarynyň elektron hem-de hat görnüşinde gysga wagtyň
dowamynda gowşuryljakdygy habar berildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.