PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 5-nji mejlisi geçirildi

02.11.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 5-nji mejlisi geçirildi. Bu çära Koreýanyň Halkara Söwda assosiasiýasynyň başlygy Ku Ça Ýol, Koreý kompaniýalary we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministriniň orunbasary Atamyrat Ataýew we ministrlikleriň, pudak edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 5-nji mejlisinde sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ýurtlaryň arasynda  dürli ugurlarda  alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň şu günki gündäki ähmiýeti we geljekde ýola goýulmagy göz öňüne tutulýan başlangyçlar barada pikir alşyldy. Bu geçirilen işewürler maslahaty geljekde özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň