PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─ 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady

09.11.2023
Card image cap

Şu gün ak mermer paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda geçirilýän bu giň möçberli çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi guraýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş ýolunda gazanan giň gerimli üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek hem-de bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça özboluşly meýdança bolan bu halkara çäresiniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz ─ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňa gatnaşyjylara we myhmanlara iberen çuňňur mazmunly Gutlagy okaldy.

  Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň amatly geljegine ynanýan daşary ýurtlaryň onlarçasynyň bu ulgamda işleýän kompaniýalarynyň wekilleriniň  halkara Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmagy olaryň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan ýurdumyza bildirýän  gyzyklanmalaryny aýdyň görkezýär. Olaryň arasynda   daşary ýurtlaryň dürli döwlet pudaklaýyn düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler we iberijiler, öňdebaryjy tehnologiýalary, hyzmatlary işläp düzüjiler, aragatnaşyk ulgamynyň we programma üpjünçiliginiň iri halkara operatorlarynyň bolmagy bu halkara çäresiniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň