2023-nji ýylyň
9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda
açylan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we
teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisi we
ylmy maslahaty dowam edýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan
guralýan bu giň möçberli çäräniň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatlarda,
duşuşyklarda, şeýle hem okuw sapaklarynda dünýäniň dürli künjeklerinden oňa
gatnaşýan hünärmenlere telekommunikasiýa, innowasiýa we ýokary tehnologiýa
pudagynda özara tejribe we täze pikirler alyşmaga mümkinçilikler döredilýär.
Maglumat we ylmy-tehnologiki taýdan ähmiýetli,
ýokary derejeli bu halkara çäresine
Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa,
Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa,
Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus,
Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap
Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň
200-den gowrak wekilleri gatnaşýar.
Ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan bu halkara
çäresine gatnaşýan alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň
wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi,
hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda mundan beýläk hem halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmek, sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri ara alyp
maslahatlaşýarlar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.