19.05.2026
Azerbaýjanyň paýtagty Baku
şäherinde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen
bilelikde geçirilýän Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji sessiýasy (WUF13)
öz işini dowam etdirýär.
17–22-nji maý aralygynda geçirilýän bu çäre
şu ýyl “Ähli we her bir adam üçin ýaşaýyş jaýy: Howpsuz we durnukly şäherler
hem-de jemgyýetler” diýen şygar astynda guralýar.
Şäherleriň bütindünýä forumynyň (WUF13) 13-nji sessiýasynyň çäginde Bakuwda “Urban Expo” sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Jemi sergi meýdany 35,000 inedördül metr bolup, ençeme ýurtdan ýüzden gowrak diwarlygy we pawilýony özünde jemleýär.
Ýurdumyzyň Milli Pawilýonynda aýratyn üns Türkmenistanda ilkinji “akylly
şäher” hökmünde bina edilen Arkadag şäherine berilýär. Bu şäher, ýurdumyzyň
ýokary tehnologiýalara we sanly ykdysadyýete geçmäge bolan ygrarlylygyny aýdyň
görkezýär. Arkadag şäheri, şähergurluşykda döwrebap çözgütleri we innowasion
tehnologiýalary birikdirýän ýeke-täk taslama hökmünde çykyş edýär. Sergi
diwarlygynda onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar,
ýokary hilli aragatnaşyk, internet we emeli aň ulgamynyň mümkinçilikleri bilen
tanyşdyrylýar. Serginiň tomaşaçylary Türkmenistanyň Milli pawilýonyna aýratyn
gyzyklanma bildirýärler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň
Metbugat
gullugy.