PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi üstünlikli geçirildi

21.09.2023
Card image cap

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda geçirilen Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde ýokary tehnologiýaly önümçilikler, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän hem-de içerki we daşary ýurt bazarlarynda mynasyp orun eýeleýän döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri, kompýuter we elektron harytlar, ulag we logistika, bank ulgamynyň hyzmatlary, häzirkizaman aragatnaşyk we kommunikasiýa mümkinçilikleri, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde ýetilen sepgitler, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamyny, bilimi we ylmy, medeniýeti ösdürmek ugurlarynda gazanylan üstünlikler türkmen we dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýbaňlandyryldy.

Gatnaşyjylar bu serginiň ýokary derejede geçirilmegine giň mümkinçilikler döredip berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar. Serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara sertifikatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylar tarapyndan Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy


Bulary hem okaň