PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«EKSPO ─ 2023» halkara sergisi açyldy

03.10.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Kataryň paýtagty Dohada «EKSPO ─ 2023 Doha» halkara sergisi açyldy. Halkara serginiň açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. 

«Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» atly şygar bilen geçirilýän bu halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem bar. Türkmenistanyň milli pawilýony türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň äheňlerinde bezelendir. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen sazlaşdyrylyp gurlan Türkmenistanyň milli pawilýony bu halkara serginiň myhmanlaryny gurak zolaklarda suwy tygşytlamak meseleleri boýunça, daşky gurşawy goramak, ekologiýa şertlerini üpjün etmek ugrunda Türkmenistanda alnyp barylýan işler, tebigy goraghanalar we olaryň tebigaty goramakda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk ýerleri, tebigy ýadygärlikleri, medeni-syýahatçylyk zolaklary bilen tanyşdyrar.

 

«EKSPO ─ 2023 Doha» halkara sergisi 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň